Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde internet baradaky dawaly kanun güýje girdi


Orsýetde çagalar üçin zyýanly saýtlary petiklemek üçin niýetlenen diýilýän kanun güýje girdi. Bu dawaly kanuna esaslanyp resmiler indi saýtlaryň gara sanawyny düzüp, olary petikläp bilýärler.

Orsýetiň hökümetiniň nygtamagyna görä, bu kanunyň üsti bilen pornografiýa, neşe we öz janyna kast etmek baradaky web sahypalaryna çagalaryň girmezligini gazanmak maksat edilýär.

Emma tankytçylaryň belleýşi ýaly, bu kanun hökümete garşy çykýan saýtlary hem ýapmak üçin ulanylmagy mümkin.

Orsýetiň gözleg saýty “Yandex” we “Mail.ru” sosýal saýty bu kanuna protest bildirdip, munuň internetde senzuranyň ornaşdyrjakdygyny bellediler. Gara sanawa girizilen web saýtlary zapret-info.gov.ru salgysyndan tapyp bolar.
XS
SM
MD
LG