Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Bulujystanly lukmanlar protest bildirýärler


Pakistanyň Bulujystan prowinsiýasynyň Kwetta şäherinde ýerli lukman Gulam Rasulyň zamun alynmagyna şäheriň lukmanlary protest bildirýärler. Awgust, 2012.

Pakistanyň Bulujystan prowinsiýasynyň Kwetta şäherinde ýerli lukman Gulam Rasulyň zamun alynmagyna şäheriň lukmanlary protest bildirýärler. Awgust, 2012.

Soňky günler Pakistanyň Bulujystan prowinsiýasynda lukmanlara garşy ulanylýan zorluk çäreleri sebäpli bu prowinsiýanyň lukmanlary köpçülikleýin iş taşlaýyş aksiýasyny ýola goýdular.

Gulam Rasul Pakistanyň Bulujystan prowinsiýasynda psihiatr doktor hökmünde lukmançylyk bilen meşgullanmakda uly psihiki basyşy başdan geçirýän lukmanlardan diňe biri.

Özüniň lukmançylyk käri sebäpli 52 ýaşly lukman Gulam Rasul ýakynda näbelli adamlar tarapyndan alnyp gaçylyp, elleri we gözleri baglangy ýagdaýda iki hepdeden gowrak wagtlap bukuda saklandy. Ol bu prowinsiýanyň merkezi şäheri bolan Kwetta şäheriniň bazarynda gündiziň güni alnyp gaçylyp, öwezine pul tölenmegi üçin saklanyldy.

“Men 17 günüň dowamynda zamunlykda bolamda fiziki taýdan gynalmadygym üçin özümi bagtly duýýaryn. Psihoterapewt hökmünde men kimdir-birini hatda jennetde bir ýere baglap goýsam-da, onuň ýeke minut arkaýyn bolmajagyny aýdyp biljek. Sosial nukdaýnazardan, elbetde, bu ýagdaý meniň maşgalama we meniň obşinama uly stress berdi” diýip, lukman Gulam Rasul gürrüň berýär.

Bulujystandaky howply kär

Gulam Rasul hut özüniň lukmançylyk işi üçin nyşana alnypdyr. Bu ýagdaý Bulujystan prowinsiýasynda geň bir ýagdaý däl. Soňky ýyllar Pakistanyň bu prowinsiýasynda işleýän lukmanlardan ogurlanyp gaçylanlarynyň ýa-da öldürilenleriniň sany onlarça. Bu wakalar bu prowinsiýadaky kanunsyzlyk we separatistik atmosferanyň fonunda bolup geçýär.

Lukmanlaryň nyşana alynmagy bolsa, esasan, olaryň gowy gaçanç edýändigi, olaryň käriniň ähli adamlar üçin açykdygy, galyberse-de, olaryň täsirli taýpa liderleri tarapyndan gorag astyna alynmaýandygy bilen baglanyşdyrylýar.

Soňky iki hepdäniň dowamynda Gulam Rasul ýaly lukmanlaryň köpüsi tutuş prowinsiýa boýunça geçirilýän iş taşlaýyş protest çäresine goşuldylar. Bu lukmanlar bu prowinsiýanyň häkimiýetlerinden özleriniň goragy üçin has çynlakaý çäreleri görmekligi talap edýärler.

Lukmanlaryň bu talabyna gulak asylmadyk halatynda, bu ýagdaýyň tutuş prowinsiýanyň saglygy goraýyş pudagyny gözgyny netijelere getirmegi mümkin. Köp lukmanlaryň eýýäm iş gözleginde Ýewropa we Ýakyn Gündogar regionlaryna gidendikleriniň üstesine, ýerli lukmanlaryň ýene ýüzlerçesi öz işlerinden gitmekligi planlaşdyrýandyklaryny aýdýarlar.

Alada döredýän ýagdaýlar

Tiz kömek gullugyndan beýleki medisina pudaklaryndaky lukmanlaryň tas hemmesiniň diýen ýaly iş taşlyýyş yglan etmekleri bu prowinsiýanyň saglygy saklaýyş pudagyna uly täsirini ýetirdi. Lukmanlar tä göze ilerlikli çäreler ýola goýulýança, iş taşlaýyşlygy dowam etdirjekdiklerini aýdýarlar.

Pakistanyň Bulujystan prowinsiýasynyň Lukmanlar Birleşiginiň liderlerinden biri Aftab Kahar soňky bäş ýylyň dowamynda bu prowinsiýada 27 lukmanyň öldürilip, 12 lukmanyň-da zamun alnandygyny aýdýar.

“Lukmanlar tutuş prowinsiýada howp astynda ýaşaýarlar. Olara yzygiderli haýbat atyjy jaňlar we hatlar gelýär. Biziň lukmanlarymyz bu ýerde örän agyr ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar” diýip, Aftab Kahar nygtady.

Ýöne soňky wagtlar bu ýagdaý bilen baglanyşykly esasy tankyt edilýän prowinsiýanyň häkimiýetleri boldy. Hatda Pakistanyň Ýokary sudy ýerli lukmanlaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmelidigi barada ýerli häkimiýetlere görkezme beriji karar hem çykardy.
XS
SM
MD
LG