Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýda dissident sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm edildi


Hytaýyň günorta-günbataryndaky Kunming şäherinde sud köp tanalmaýan demokratik aktiwistini sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Çao Haibonyň aklawçysynyň beren maglumatyna görä, onuň müşderisine “häkimiýeti agdyrmak” ugrunda tagalla etmekde aýyplama bildirilipdir. Aklawçy Ma Ksiaopengiň aýtmagyna laýyklykda, Çao Hytaýda demokratiýanyň bolmagyna çagyryş edip, “Hytaýyň Respublikan partiýasyny” esaslandyrypdyr.

Ma suduň çykaran hökümine juda haýran galandygyny aýdýar. Sebäbi Çaonyň partiýasynyň ady diňe internetde geçip, onuň esaslandyrylmagyna bary-ýogy bir gün bolupdyr.
XS
SM
MD
LG