Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nigeriýada alnyp gaçylan eston we ors deňizçileri azatlyga goýberildi


Nigeriýanyň ýakalarynda alnyp gaçylan ors we estoniýaly deňizçiler azatlyga goýberildi. Bu barada Estoniýanyň Daşary işler ministrligi maglumat berýär.

Estoniýanyň daşary işler ministri Urmas Paet alnyp gaçylan bir estoniýaly we alty ors deňizçiniň boşadylmagy üçin girewiň tölenendigi baradaky maglumatlary inkär etdi.

Fransiýa degişli “Bourbon Liberty 249” atly gämä 15-nji oktýabrda Nigeriýanyň ýakalarynda garakçylar hüjüm edipdi.

Halkara deňiz gözegçilik edarasynyň berýän maglumatyna görä, soňky döwür nigeriýaly garakçylaryň amala aşyrýan hüjümleri barha möwjäpdir.
XS
SM
MD
LG