Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýa: Žurnalist dawaly sanaw boýunça suda çekildi


Grek žurnalisti Şweýsariýanyň banklarynda 2 milliarda golaý ýewrosy bar diýilýän 2 müň grekiň sanawyny çap edeni üçin sud jogapkärçiligine çekildi.

Kostas Waksewanis hökümet iki ýyla golaý wagt bäri salgyt galplyklary boýunça derňewlere başlamandygy üçin, bu sanawy çap edendigini aýdýar.

Ol adamyň şahsy durmuşyna girmekde aýyplanýar. Eger-de onuň günäsi subut edilse, oňa iň köp bolanda, üç ýyl türme tussaglygy berler.

Gürrüňi gidýän dawaly sanawy, ilki başda, Şweýsariýanyň bank işgäri syzdyrypdy. Sanawda belli telekeçileriň we syýasatçylaryň atlary bar.
XS
SM
MD
LG