Sepleriň elýeterliligi

Ukrainanyň ozalky premýer-ministri ABŞ-nyň türmesinden boşadylýar


Ukrainanyň ozalky premýer-ministri Pawlo Lazarenkonyň ABŞ-nyň türmesinden boşadylmagyna garaşylýar. Ol kezzaplykda aýyplanyp, sekiz ýyl türme tussaglygynda oturyldy.

Kaliforniýadaky “Terminal Island” türmesiniň resmileri Lazarenkonyň penşenbe güni boşadyljakdygyny tassykladylar, emma anyk wagty mälim etmediler.

Lazarenko 1996-97-nji ýyllar aralygynda Ukraiananyň premýer-ministri bolup işlän döwri ýüzlerçe million dollary ogurlamakda aýyplanýar.

Ol “Transparency International” guramasy tarapyndan dünýäniň iň korrupirlenen adamlarynyň sanawynda sekizinji orunda hem ýerleşdirilipdi.

Lazarenko Ukraina dolanyp barjakdygyny aýdýar. Ol ýerde hem oňa ençeme aýyplama bildirilýär.
XS
SM
MD
LG