Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Gozgalaňçylaryň hüjüminde 28 esger öldi


Siriýada gozgalaňçylar hökümet güýçleriniň üç barlag-gözegçilik nokadyna hüjüm edende, 28 esger öldi. Bu barada düýbi Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary boýunça Siriýanyň synçy topary maglumat berýär.

Sarakeb şäherinde dörän çaknyşykda bäş gozgalaňçynyň hem ölendigi habar berilýär. Gozgalaňçylar hökümetiň amala aşyryp biljek howa zarbasyndan howatyrlanyp, barlag-gözegçilik nokatlaryny eýelemändiklerini aýdýarlar.

Gozgalaňçylaryň ençeme harby ulagy hem ele geçirendikleri habar berilýär.
XS
SM
MD
LG