Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: Žanaözeniň ady üýtgedilermi?


Mangystau oblastynyň Ýaşulular Geňeşi bu şähere 18-nji asyrda şu regionda ýaşan, sopuçylyk boýunça tanymal filosof-alym Beket Atanyň adyny dakmaklygy teklip etdi.

Mangystau oblastynyň Ýaşulular Geňeşi bu şähere 18-nji asyrda şu regionda ýaşan, sopuçylyk boýunça tanymal filosof-alym Beket Atanyň adyny dakmaklygy teklip etdi.

“Žanaözen” diýen söz bilen tanyş ýa-da Gazagystanyň merkezinden uzaklarda ýerleşýän bu şäherden habarly adamlar bu şäheri, megerem, ozaly bilen 2011-nji ýylda ýüz beren gandöküşikli wakalar bilen baglanyşykly ýatlaýan bolsalar gerek.

Geçen ýylyň 16-njy dekabrynda nebitçileriň hökümete garşy geçiren protest çykyşlary ganly waka öwrülip, azyndan 17 adamyň ölümi bilen alamatlanypdy.

Bu wakanyň bir ýyllyk ýyl dönüminiň golaýlamagy bilen Žanaözen ýene-de habar serişdeleriniň üns merkezine düşdi we gyzgyn çekişmeleriň ojagyna öwrüldi.

Teklibiň gözbaşy

Ýakynda Žanaözen şäherini öz içine alýan Mangystau oblastynyň Ýaşulular Geňeşi karar kabul edip, ýerli häkimiýetlere bu şäheriň adyny üýtgetmek teklibi bilen ýüzlendi. Hususan-da, Ýaşulular Geňeşi bu şähere 18-nji asyrda şu regionda ýaşan, sopuçylyk boýunça tanymal filosof-alym Beket Atanyň adyny dakmaklygy teklip etdi.

Oblast administrasiýasynyň içerki syýasat boýunça bölüm ýolbaşçysy Nurbol Telegenow Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugyna beren interwýusynda bu mesele boýunça gutarnykly karara indi Astanada gelinjekdigini aýtdy.

Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, ol “Şäheriň adyny üýtgedip-üýtgetmezlik meselesi ahyrky netijede halkyň özüne bagly bolar. Adamlar belli bir netijä gelensoňlar, oblast administrasiýasy merkezi hökümete ýörite haýyş gönderer” diýip ýagdaýy düşündirdi.

Nurbol Telegenow eýýäm bu mesele boýunça şäheriň ýaşaýjylarynyň arasynda diskussiýalaryň ýola goýlandygyny we bu meseläniň hatda oblast telewideniýesinde göni efirde ara alnyp maslahatlaşylandygyny-da aýtdy.

“Facebook” ýaly käbir internet sosial ulgamynda Žanaözen şäheriniň adyny Beket-Ata ady bilen çalşyrmaklygy goldap seslenme ýazan adamlaryň-da bardygyny görmek bolýar.

Häkimiýetlere müňkürlik edilýär

Beýleki tarapdan, şäheriň ady bilen baglanyşykly täze teklibe Gazagystanyň ýakyn taryhynda bu şäherde ýüze çykan gara tegmili aýyrmak maksady bilen häkimiýetler tarapyndan gurnalýan ýörite çäre hökmünde baha berýänler -de az däl.

“Facebook” saýtynda özüni Ergenekon diýip atlandyran bir raýat bu barada şeýle ýazýar: “Žanaözen şäheriniň ady indi tizden-tiz unudylmaly edilen bolmaly. Sebäbi, şeýle edilen ýagdaýynda, kimdir-biri bizden bu şäheriň nirededigini sorasa, ‘Gazagystanda beýle şäher ýok’ diýip jogap bermeli bolarys”.

“Facebook” saýtynda özüni Konak diýip atlandyran başga bir raýat bolsa: “Häzirki çäreler maňa mekdepde ýaramaz baha alan çaganyň öz okuw gündeligini ýyrtjak bolmasy ýaly bir ýagdaýy ýatladýar” diýip belläpdir.

2011-nji ýylyň dekabrynda parahat protestçilere garşy ýarag ulanylmagy, şeýle hem birgiden aktiwistleriň we oppozisiýa liderleriniň tussag edilmeleri bilen baglanyşykly Gazagystanyň häkimiýetleri halkara jemgyýetçiliginiň ýiti tankytlaryna sezewar bolupdylar.

Žanaözenli bir kollej okuwçysy öz adynyň agzalmazlyk şerti bilen beren interwýusynda “täze derýa” diýmekligi aňladýan bu şäheriň adynyň üýtgedilmegine garşydygyny aýtdy: “Men şäheriň adynyň üýtgedilmegine garşy. Köp beýleki ýaşlaryň garaýşy-da şeýle. Bu teklip häkimiýetlere ýaranjaňlar tarapyndan tapylan zat”.

Geçen ýylyň dekabryndaky ganly wakalar we şonuň yzy bilen maglumat alyş-çalşygyna girizilen gadagançylyklar adamlaryň hakydasynda henizem berk ornaşan zat. Köp ýerli ýaşaýjylar öz garaýyşlaryny habar serişdelerine açyk beýan etmekden henizem çekinýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG