Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen manadynyň 19 ýyllyk ýoly


S.Nyýazow bu baradaky permana gol çekende, iki manadyň bir amerikan dollaryna deň boljakdygy yglan edilipdi.
S.Nyýazow bu baradaky permana gol çekende, iki manadyň bir amerikan dollaryna deň boljakdygy yglan edilipdi.
1-nji noýabrda Türkmenistanda türkmen manadynyň ilkinji gezek dolanyşyga girizilenine dogry 19 ýyl boldy. 1993-nji ýylda Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti S.Nyýazow bu baradaky permana gol çekende, iki manadyň bir amerikan dollaryna deň boljakdygy yglan edilipdi.

Ýöne aradan birnäçe ýyl geçensoň, bir dollaryň hümmeti 25-26 müň manada çenli pese gaçypdy. G.Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmegi bilen, manadyň hümmetini berkitmek boýunça käbir reformalar hem durmuşa geçirildi.

Eýsem, türkmen manadynyň hummetiniň üýtgäp durmagyna nämeler sebäp boldy we sebäp bolýar? Azatlyk Radiosy şu we käbir beýleki meseleler barada ilkinji türkmen milli walýutasyna gol goýan, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň şol wagtky başlygy Hudaýberdi Orazow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Hudaýberdi aga, 1993-nji ýylda türkmen manady dolanyşyga girizilende, şol döwürde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy hökmünde siz türkmen manadyna öz goluňyzy goýan adam. Şonda ýurduň şol wagtky prezidenti S.Nyýazow bir dollaryň hümmetiniň iki manat boljakdygyny yglan edipdi. Ýöne, siziň bilşiňiz ýaly, aradan kän wagt geçmän, manadyň hümmeti müňlerçe esse aşak gaçdy. Siz şol problemanyň sebäbini nämede görýärsiňiz?

H.Orazow: Türkmenistanyň ykdysady taýdan berk bolandygy we onuň hemme tarapdan ýagdaýynyň gowy bolandygy sebäpli milli pulam durnukly ýagdaýda durmalydy. Ol dünýä ýüzünde berk, durnukly pullaryň biri bolup durmalydy.

Ýöne, gynansak-da, biz Türkmenistanda ýagdaýa nädogry düşündik. Biz: “Indi Moskwa ýok, biziň maňlaýymyza tüpeň diräp duran adam ýok. Beýle bolsa, indi hiç hili jogapkärçiligem bolmaly däl, ogurlyga ýatmaly” diýip pikir öwürdik.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, milli puluň hümmetiniň tiz wagtyň içinde müňlerçe esse pese gaçmagyna korrupsiýa ýaly problemalar sebäp boldumy ýa-da döwletiň ykdysadyýetinde nähilidir bir kemçilikler bardymy?

H.Orazow: Döwletiň ykdysadyýetinde hiç hili kemçilik ýokdy. Biz özbaşdaklyga geçenimizden soň, özbaşdaklygy-da başarmadyk, jogapkärçiligem başarmadyk, ýöne ogurlyga ýatdyk. Haýsy pudagy alsagam, ýöne ogurlykdy. Halkyň ýagdaýy barada, ýurduň ýagdaýy barada hiç kim hiç hili pikir etmedi.

Azatlyk Radiosy: Umuman, şol döwürde bir dollaryň hümmetini iki manatda saklamaga Türkmenistanda hakykatdanam mümkinçilik bardymy ykdysady taýdan?

H.Orazow: Doly ýagdaý bardy. Bir dollaryň iki manat bolmalydygy barada karar kabul edilenden soň şoňy berk, durnukly saklamaga hemme taraplaýyn mümkinçilik bardy.

Iň bolmanda, biz tarapdan, ýurduň ýolbaşçylary tarapdan birazajyk jogapkärçilik bolanlygynda hemme taraplaýyn puly berk saklamaga-da ýagdaý bardy, halky gowy ýaşatmaga-da doly ýagdaý bardy.

Puluň hümmetiniň pese gaçmagy ýurduň ýolbaşçylaryna ogurlyk üçin gerekdi. Sebäbi şol döwürde köp zatlar haryt hökmünde alynýardy. Mysal üçin, gazyň ýerine pul alman, haryt alýardylar we şuňa meňzeş zatlar edýärdiler. Şonuň ýaly, köp ýerde puluň hümmetiiň gaçmasy şolara gerekdi.

Azatlyk Radiosy: Siziň bilşiňiz ýaly, G.Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmegi bilen, 2008-nji ýylyň 1-nji maýyndan bir dollaryň hümmeti 14 müň 250 manat diýlip kesgitlenildi, 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndanam denominirlenen täze türkmen manady dolanyşyga girizildi. Täze türkmen manadynyňam bir amerikan dollaryndaky hümmeti 2.86 manat görnüşinde saklanyp gelinýär. Siz täze manadyň häzirki hümmetiniň durnukly saklanmagyna siz nähili berýärsiňiz?

H.Orazow: Berdimuhamedow ýurduň başyna geçenden soň, çinownikler birazajyk çekindiler, gorkdular. Olar şol gidişine gitse, hökman bir belanyň üstünden barjakdyklaryna, şeýle hem ogurlygy birazragam bolsa azaltmalydyklaryna düşündiler. Şeýlelikde, häzirki ýagdaýda ýurduň içinde ogurlyk baram bolsa, edil öňki ýaly däl.

Azatlyk Radiosy: Manadyň dollardaky häzirki hümmetiniň 2.86 manatda saklanyp durmagyna siz hakykatdanam real ýagdaýda diýip baha berýärsiňizmi ýa-da ony nähilidir bir emeli usul bilen saklaýarlarmyka, şu barada nähili pikir edýärsiňiz?

H.Orazow: Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň mümkinçiliklerine seretsek, şony arkaýyn durnukly saklap bolýar, bu ýerde hiç hili kynçylyk ýok. Men öňem birnäçe gezek aýtdym, ýurtda hakykatdanam jogapkärçilikli ýolbaşçylar işlände, Türkmenistan ýaly 3-4 sany ýurdy ekläp-saklap boljak. Şonça puly Türkmenistan hakykatdanam gazanyp biljek.

Azatlyk Radiosy: Soňky geçirilen reformalaryň netijesinde dollaryň “gara bazar nyrhy” diýilýän zat hem aradan aýryldy, indi ýurtda bir resmi nyrh bar. Geljekde Türkmenistanda dollaryň “gara bazar nyrhy” diýilýän zat ýene peýda bolup bilermi?

H.Orazow: Iň bolmanda häzirki ýöredilişinde maliýe syýasaty ýöredilse, olar ýaly ýagdaý bolmaly däl. Ýöne, eger-de ýurduň ýolbaşçylary halkyň öňünde jogapkärçilik duýmaýan bolsalar, onda pylan zat bolmaz diýip bolmaz. Beýle ýagdaýda her hili zadyň bolmagy mümkin.

Şu söhbetdeşligi diňlemek üçin şu ýere basyň:
XS
SM
MD
LG