Sepleriň elýeterliligi

Ulagyň aýnasyndaky bildiriş gadagan


Awtoulagyň aýnasynda onuň satylýandygy baradaky bildirişi we habarlaşmak üçin telefon nomerini ýazmak gadagan edilýär.

Awtoulagyň aýnasynda onuň satylýandygy baradaky bildirişi we habarlaşmak üçin telefon nomerini ýazmak gadagan edilýär.

Türkmenistana öň ulanylan awtoulaglary getirmek uly bir söwda öwrüldi. Satyjylar uzak ýurtlardan, hususanda Birleşen Ştatlardan, Dubaýdan we Germaniýadan töwekgelçilik bilen getiren awtoulaglaryny satyp girdeji edinýärler. Alyjylaryň bolsa, köne-de bolsa, amatly hasaplanýan awtoulaglary satyn almaga mümkinçilikleri bar.

Göräýmäge iki tarapa hem bähbitli bolup görünýän bu söwda babatda aram-aram döwlet tarapyndan käbir çäklendirmeler girizilýär. Awtoulagyň aýnasynda onuň satylýandygy baradaky bildirişi we habarlaşmak üçin telefon nomerini ýazmaga girizilen gadagançylyk şeýle çäklendirmeleriň soňkusydyr.

Sürüjileriň aýtmaklaryna görä, häzir polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri awtoulaglaryň eýelerine bu hili ýazgylary pozdurýarlar. Gurban baýramynyň öňüsyraynda girizilen bu gadagançylygyň sebäpleri barada anyk maglumat almak başartmady.

Ýerli söwdagärler bu gadagançylygyň awtoulag satyjylaryň bähbidine däldigini aýdýarlar. Olaryň aýtmagyna görä, awtoulagyň yzky aýnasynda goýulýan bildiriş käbir söwdagärler üçin awtoulag söwdasyny ýeňilleşdirýän bolsa, käbirleri diňe şeýdip awtoulag satýarlar.

“Häzir ilkibaşdaky ýaly awtoulagy satmak aňsat däl. Bir awtoulagy satmak üçin ep-esli wagt gerek. Ýöne wagtyny ýitirmek islemeýän söwdagärler “Reklamnyý westnik” gazetinde bildiriş berip ýa-da maşynlarynyň aýnalarynda habarlaşmak üçin telefonlaryny goýup söwda edýärler” diýip, adynyň agzalmagyny islemedik ulag söwdagäri aýdýar.

Kime bähbit, kime zyýan?

Hudaýberdiýew we Kotowskiý köçeleriniň çatrygyndaky awtoduralgalardaky ulaglaryň köpüsi satlyk.

Hudaýberdiýew we Kotowskiý köçeleriniň çatrygyndaky awtoduralgalardaky ulaglaryň köpüsi satlyk.

Awtoulag söwdagärleriniň aýtmaklaryna görä, ýylyň ahyrynda awtoulag söwdasy has-da gyzgalaňly bolýar. Aşgabatly söwdagär Ahmediň aýtmagyna görä, bu söwdany ýylyň ahyrynda oba hojalygyndan girdejilerini alan daýhanlar döredýärler.

“Esasanam, Daşoguz welaýatyndan Aşgabada gelip, awtoulag satyn alýan köp. Olar “Opel Astra” awtoulagynyň furgon görnüşini köp satyn alýarlar. Şonuň üçin, häzir awtoulaglaryň bahalary bilen gyzyklanýan adamlar az däl” diýip, Ahmet gürrüň berýär.

Adatça, awtoulag söwdasy bilen bagly çäklendirmeler girizilende awtoulaglaryň bahasy ýokary galýar. Ýöne awtoulag söwdagärleri soňky girizilen çäklendirme zerarly awtoulaglaryň bahasynyň ýokary galmak mümkinçiliginiň pesdigini aýdýarlar.

Awtoulag söwdagäri Ahmet täze girizilen gadagançylygyň “Altyn Asyr” gündogar bazarynyň awtoulag satýan bazarynyň, şeýle hem paýtagtyň awtoulag duralgalarynyň bähbidine boljakdygyny belleýär. Sebäbi, onuň aýtmagyna görä, söwdagärleriň köpüsi satýan awtoulaglaryny şol ýerlerde goýup satýarlar.

Ahmediň aýdyşy ýaly, paýtagtyň awtoduralgalarynyň käbirleri hakykatdan hem awtoulag satylýan bazarlara öwrüldi. Mysal üçin, Hudaýberdiýew we Kotowskiý köçeleriniň çatrygyndaky awtoduralgalardaky ulaglaryň köpüsi satlyk. Bu awtoduralgada ulagy goýmak üçin gününe 1 manat 20 teňňe tölemeli.

Mundan öňki çäklendirmeler

Soňky girizilen çäklendirme awtoulag söwdasy bilen bagly şu ýyl girizilen ýeke-täk gadagançylyk däl. Awtoulaglaryň kesilen öňki tarapyny ýurda getirmek hem bir ýarym aý mundan ozal gadagan edilipdi. Awtoulag söwdagärleriniň arasynda “morda” diýlip tanalýan awtoulagyň bu bölegi ulaglaryň bütinleý dwigatellerini we beýleki şaý-seplerini çalyşmaga mümkinçilik berýär.

“Mordalaryň getirilmegine gadagançylyk girizilensoň şaý-sepleriň bahasy galdy. Hytaýda öndürilen pes hilli şaý-sepler goýlup başlady. Bu bolsa awtoulagyň howpsuzlygyna täsir edýär” diýip, aşgabatly awtoslesar Ýagşymyrat gürrüň berýär. Emma, onuň aýtmagyna görä, häzir bu gadagançylyk ýatyrylypdyr.

Ýurtda awtoulag söwdasy bilen bagly çäklendirmeleriň ilkinjisi öňki prezident Saparmyrat Nyýazow döwründe girizilipdi. Şonda gymmat bahaly awtoulaglary ýurda getirmek gadagan edilipdi. Şol gadagançylyk häzir hem belli bir derejede öz güýjünde galýar. Bu gadagançylygyň haýsy resminama bilen berkidilendigi barada maglumat almak başartmady.

Beýleki bir girizilen gadagançylyk 2011-nji ýylyň 16-njy iýunynda merkezi gazetlerde çap edilen düzgün bilen bagly. Oňa laýyklykda, öndürilen ýyly hasaba alynmanda 10 ýyly dolan hem-de öndürilen ýylyna garamazdan, zyýan ýetendigi ýa-da zaýalanandygy sebäpli ýol hereketiniň kadalaryna laýyk gelmeýän awtoulag serişdelerini, motosiklleri, traktorlary hem-de ýörite ulaglary we tehnikalary ýurda getirmek gadagan edilýär.

Şol tertip bilen sport nusgadaky ýokary tizlikli awtoulaglary hem-de hereketlendirijisiniň iş göwrümi 3500 kub sm-den ýokary bolan ýeňil awtoulaglary Türkmenistana getirmek hem gadagan edildi. Emma bu gadagançylyklaryň Türkmenistanyň prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryş müdirligine, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine hem-de Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetine degişli däldigi bu maglumatda aýdyldy.

Türkmenistanda awtoulag söwdasy bilen bagly çäklendirmeleriň köpüsiniň öň ulanylan awtoulaglara degişlidigine garamazdan, ilat arasynda bu ulaglara bolan isleg azalmaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG