Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Internet baradaky täze kanunyň “miweleri” göze ilýär


Orsýetiň resmileri internet saýtlaryna garşy “gara sanaw” düzgünini ulanmak barada täze kanunyň güýje girmegi bilen, bir günüň dowamynda bu ýurtda çaga pornografiýasy bilen baglanyşykly 5 müň töweregi şikaýatyň gelip gowşandygyny aýdýarlar.

Köpçülikleýin habar serişdelerine we aragatnaşyk serişdelerine gözegçilik edýän “Roskomnadzor” edarasynyň resmileri anna güni özleriniň beýle köp derejedäki şikaýata garaşmandyklaryny mälim etdiler.

Bu edaranyň metbugat sekretary eýýäm internet prowaýderleriniň onusyna şeýle düzgün bozujy materiallary ýerleşdiren saýtlaryň awtorlary bilen habarlaşmaklygyň tabşyrylandygyny aýtdy.

Orsýetiň resmileri täze kabul edilen kanunyň bu ýurduň çagalaryny ýaramaz maglumatlardan goramaklygy göz öňünde tutýandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG