Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ-da Ukrainanyň ozalky premýer-ministri azatlyga çykdy


Penşenbe güni Ukrainanyň ozalky premýer-ministri, tussaglykdaky Pawel Lazarenko Birleşen Ştatlaryň türmesinden azatlyga goýberildi.

Bikanun pul ýuwuşlyklarynda günäli tapylan Pawel Lazarenko Kaliforniýanyň türmesinde sekiz ýyl türmede oturdy. Penşenbe güni Kaliforniýanyň bir türme işgäri habar agentliklerine beren interwýusynda Pawel Lazarenkonyň türmäni terk edendigini tassyklapdyr.

1996-97-nji ýyllarda Ukrainanyň premýer-ministri bolup işlän Pawel Lazarenko 1999-njy ýylda Birleşen Ştatlara emigrirläpdi.

Şol ýerde-de ol 2004-nji ýylda maliýe galplyklarynda, bikanun pul ýuwuşlyklarda we adamlary pul bermäge mejbur etmekde günäli tapylyp, sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Oňa garşy Ukrainada hem jenaýat işi gozgalan.
XS
SM
MD
LG