Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda serhet zastawasynyň täze kompleksleri açyldy


Penşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Aşgabadyň serhet birleşmesiniň täze kompleksleriniň dabaraly açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Bu dabaradan soň Berdimuhamedow serhet zastawasynyň bu täze açylan komplekslerindäki medisina kabinetine, kitaphana otagyna, naharhana, kazarma otaglaryna we käbir beýleki bölümlerine baryp gördi.

Serhet zastawasynda täze gurlan binalar medeniýet öýi we sport zaly ýaly binalary-da öz içine alýar. Penşenbe güni şol ýerde-de prezident Berdimuhamedow Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň göçme maslahatyny geçirdi.

Harby we hukuk goraýjy organlaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu maslahatda ýylyň geçen 10 aýynda bu organlarda edilen işleriň jemleri barada gürrüň edildi.
XS
SM
MD
LG