Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-daky tupanyň pidalarynyň sany 90-a golaýlady


Şu hepde Birleşen Ştatlaryň Gündogar ştatlarynda ýüz beren güýçli tupanda ölen adamlaryň sanynyň 90-a golaýlandygy aýdylýar.

Ýurduň hökümet resmileri bu ölenlerden 47-siniň Nýu-Ýork ştatyndandygyny we şolaryň-da 40-a golaýynyň diňe Nýu-Ýork şäheriniň özündendigini aýdýarlar. Ýene 40 töweregi adamyň ABŞ-nyň alty sany beýleki ştatynda ölendigi aýdylýar.

“Sendi” diýlip at berlen bu tupan Birleşen Ştatlara gelip ýetmänkä onuň Karib adalarynda ýene 70 töweregi adamyň ölümine sebäp bolandygy habar berlipdi.

Bu tupanyň Birleşen Ştatlarda döreden weýrançylygynyň 50 milliard dollarlyk zyýan ýetirendigi aýdylýar. Tupanyň netijesinde Nýu-Ýork şäheriniň ilatynyň 650 müňe golaýy henizem elektrik togundan mahrum ýagdaýda.
XS
SM
MD
LG