Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bakudaky demonstrasiýada 30 töweregi aktiwist tussag edildi


Anna güni Azerbaýjanyň polisiýasy demonstrasiýalar baradaky kanuna girizilmekçi bolunýan üýtgetmelere protest bildirip, pikete ýygnanan onlarça aktiwisti dargatdy.

Bu wakada oppozisiýa tarapdarlardan we oppozisiýanyň agzalaryndan 30 töweregi adamyň tussag edilendigi habar berilýär.

Geçen aý Azerbaýjanyň hökümeti rugsat berilmedik demonstrasiýalaryň gurnalmagy üçin salynýan jerimeleri has ýokarlandyrmaklygy göz öňünde tutýandygyny yglan edipdi.

Göz öňünde tutulýan jerimeleriň möçberi barada heniz anyk maglumatlaryň yglan edilmändigine garamazdan, Azerbaýjanyň oppozisiýa toparlary bu täze planyň raýatlaryň azatlyklaryny çäklendirmeklige gönükdirilendigini aýdyp, bu ýagdaýa alada bildirýärler.
XS
SM
MD
LG