Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Lebap: Söwdegärler ýapylan bazary açdylar


Farap etrabynyň merkezindäki bazaryň girelgesi. Lebap, 2-nji noýabr, 2012.

Farap etrabynyň merkezindäki bazaryň girelgesi. Lebap, 2-nji noýabr, 2012.

Türkmenistanda her ýyl pagta ýygym möwsüminiň gelmegi bilen, häkimiýetler ýurduň köp ýerlerinde hatda dükanlary we bazarlary-da ýapýarlar. Şeýle çäreler şu ýyl Lebap welaýatynyňam köp ýerlerinde ýola goýuldy.

Ýöne bu welaýatyň Farap etrabynyň söwdegärleriniň 1-nji noýabrdan etrap merkezindäki bazara öz harytlaryny eltip, häkimiýetlerden hem birugsat ýagdaýda satmaga başlandyklary barada maglumat gelip gowuşdy. Şu waka barada Azatlyk Radiosy radionyň Labapdaky habarçysy Osman Hallyýew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Lebap welaýatynyň Farap etrabynda bazarçylar ýapyk duran bazara baryp, rugsat berilmese-de, harytlaryny satmaga başlapdyrlar. Şeýdibem, ol ýerdäki ýapyk bazar açylypdyr diýen habar bar. Sizde şu barada nähili maglumat bar?

O.Hallyýew: Şeýle maglumat bar. Bu waka 1-nji noýabrda bolup geçipdir. Şol bazarda söwda edýän adamlardan otuz-kyrka golaýy irden baryp, bazaryň derwezesini açyp, harytlaryny getirip, söwda etmäge başlapdyrlar.

Bu bazar sentýabr aýynda ýapylan eken. Ýöne ol düýbünden ýapylan däl-de, agşam sagat 6:00-dan 10:00-a çenli söwda etmäge rugsat beripdirler. Ýerli häkimlikde 1-nji noýabrdan bu bazar açyljak diýip wada beren ekenler. Onsoň, 1-nji noýabrda-da bazary açmansoňlar, adamlaryň özleri baryp, bazary açyp, söwda edip başlapdyrlar.

Suratlarda: Farap etrabynyň bazaryndaky häzirki görnüşler.



Ýöne ol ýerde hiç hili gopgun-galmagal bolmandyr. Ýerli häkimlikden, ýerli polisiýa bölüminden gelenlerem olaryň bu eden işine hiç hili garşylyk görkezmän, waka parahat ýagdaýda bolup geçipdir.

Azatlyk Radiosy: Sentýabr aýynda bazaryň ýapylmagynyň esasy sebäbi nämede?

O.Hallyýew: Lebap welaýatynda etrap merkezlerinde ýerleşýän, obalarda ýerleşýän uly bazarlaryň ählisi pagta ýygymy bilen baglanyşykly ýapylypdy. Şondan soň işleýän bazarlar diňe welaýat merkezlerindäki bazarlardy. Beýleki bazarlaryň hiç biri gündüzlerine işlemeýärdi, diňe giçlik sagat 6:00-dan soň 10:00-11:00-e çenli “gije bazar” bolýardy.

Bu bazarlar pagta ýygym möwsüminde “gije bazar” diýip at alýar. Bu her ýyl edilýän iş: pagta doly ýygylyp gutarylýança, ýerli häkimlikleriň buýrugy bilen bazarlar ýapylyp, söwdegärler gijelerine söwda etmäge mejbur bolýarlar.

Elbetde, bu ýagdaý adamlarda gaty uly oňaýsyzlyklar döredýär, nägileligem döredýär. Sebäbi, bazarda söwda edýän söwdegärlerden pagta çykyp, pagta ýygýany ýok. Bu ýagdaý pagta ýygymyna gidýän ýygymçylarda-da kynçylyk döredýär. Sebäbi olar aljak harytlaryny alyp bilenoklar.

Türkmenistanda 25-30 prosent adam diňe bazardan güzeran görýär. Olardan köpüsi söwda edýär ýa sübsekeşlik edýär, araba sürýär, umuman, bazardan güzeran görýän adamlaryň sany 25-30 prosent diýip çaklasa bolar.

Azatlyk Radiosy: Farapdaky bazar indi hiç hili problemasyz ýa çäklendirmesiz ýagdaýda kadaly işläp durmy?

O.Hallyýew: Şu gün bazar gündiz sagat 2:00-den işläp başlapdyr. Ýagny, hemişekileri ýaly ir sagat 6:00-7:00-den däl-de, gündiz sagat 2:00-den başlap işläp başlapdyr. Adamlar ýerli häkimlikler bilen bir kompromise girip, şolar ýaly bir netijä gelen bolmaga çemeli. Ýöne beýleki etraplardaky bazarlaryň köpüsi henizem ýapyk, olar diňe gijilerine işleýär.
XS
SM
MD
LG