Sepleriň elýeterliligi

Gangnam Style we onuň şöhrady


Gangnam Style klibinden bir görnüş.

Gangnam Style klibinden bir görnüş.

Şu ýylyň 15-nji iýulynda günorta koreýaly repper PSY tarapyndan çykarylan Gangnam Style aýdymy, az wagtyň içinde tutuş dünýäde uly meşhurlyga eýe boldy. Ol 20-nji sentýabrda 2012 MTV Europe Music Awards çäresinde "iň gowy wideo" diýen baýraga hem nominirlendi.

Gangnam Style diňe bir adaty diňleýjileriň arasynda uly meşhurlyga eýe bolman, dünýäniň ýokary derejeli resmileri hem, aýdyma mahsus bolan hereketleri gaýtalap, tans etmäge synanyşýarlar.

Gangnam style "Youtube" saýtynda iň köp hallanan wideo hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizildi.

Üstesine-de muňa onlarça parodiýa klipleri döredilip, olary görenleriň sany hem ençeme milliondan geçýär.

Eýsem, bu aýdymyň şeýle uly meşhurlyga eýe bolmagyna näme sebäp boldy, siz näme pikir edýärsiňiz?

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG