Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň wekili Demirgazyk Koreýadaky ýagdaýlary tankytlaýar


Şenbe güni BMG-niň ynsan hukuklary boýunça ýörite hasabatçy wekili Marzuki Darusman Demirgazyk Koreýadaky ynsan hukuklarynyň ýagdaýynyň täze liderleriň ýolbaşçylygyňda-da gowulanmaýandygyny mälim etdi.

Marzuki Darusman Kim Jong Unuň ýolbaşçylygyňda-da Demirgazyk Koreýadaky ynsan hukuklarynyň “örän alada döredijidigini” aýdýar. Kim Jong Un öz kakasynyň ölüminiň yzy bilen geçen ýylyň dekabrynda bu ýurda lider saýlanypdy.

Öz hasabatynda BMG-niň ýörite hasabatçy wekili Marzuki Darusman Demirgazyk Koreýanyň esasy wezipesiniň henizem öz harby kuwwatyny ýokarlandyrmakdan ybarat bolup durýandygyny belleýär.

Şeýle hem, ol häzirki wagt 25 million ilatly bu ýurtda 16 million töweregi adamyň hroniki azyk ýetmezçiliginden we ýaramaz iýmitlenmekden ejir çekýändigini belläpdir.
XS
SM
MD
LG