Sepleriň elýeterliligi

Moskwada Gülnara Karimowanyň kwartirasy konfiskasiýa edildi


Orsýetiň prokuratura resmileri özbek prezidentiniň gyzyna degişli bahasy 10 million dollarlyk kwartiranyň Moskwada konfiskasiýa edilendigini mälim etdiler.

Resmileriň aýtmaklaryna görä, Gülnara Karimowanyň Moskwanyň Komsomolsk prospektinde ýerleşýän bu kwartirasy alnyp barylýan jenaýat-derňew işleriniň çäklerinde Moskwanyň sudunyň çykaran karary esasynda konfiskasiýa edilipdir.

Orsýetiň prokuraturasy häzirki wagt MTS kompaniýasynyň Özbegistandaky bölümi bolan “Uzdunrobita” mobil operatoryna garşy özbek häkimiýetleriniň gören soňky jerime çäreleri bilen baglanyşykly derňew işlerini alyp barýar.

Orsýetiň Içeri işler ministrligi bu kompaniýanyň Özbegistandaky emläkleriniň konfiskasiýa edilmegi bilen baglanyşykly wakalar boýunça jenaýat işini gozgady.
XS
SM
MD
LG