Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: Ýylyň 10 aýynyň sanlary yglan edildi


Ýylyň 10 aýynyň jemlerine bagyşlanylyp geçirilen maslahatda çinownikler prezident G.Berdimuhamedowa hasabat berýärler. Aşgabat, 2-nji noýabr, 2012.

Ýylyň 10 aýynyň jemlerine bagyşlanylyp geçirilen maslahatda çinownikler prezident G.Berdimuhamedowa hasabat berýärler. Aşgabat, 2-nji noýabr, 2012.

Anna güni Aşgabatda şu ýylyň geçen 10 aýynyň jemlerine bagyşlanylyp, ýörite hökümet maslahaty geçirildi. Maslahatda wise-premýer, prezident administrasiýasynyň iş dolandyryjysy H.Muhammedow söwda we senagat pudaklaryndaky käbir görkezijiler barada giňişleýin hasabat berdi.

Onuň hasabatyna görä, şu ýylyň geçen 10 aýynyň dowamynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň amala aşyran söwda dolanyşygy geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende 118% ýokarlanypdyr.

Ýurduň Tekstil senagaty ministrliginiň önümçilik planynyň-da şu geçen 10 aýda 104.4% ýerine ýetirilendigi habar berildi. Mundan daşary, wise-premýer H.Muhammedow öz hasabatynda şu ýylyň başky 10 aýynyň dowamynda ýurtda 18 sany serginiň we 23 sany konferensiýanyň gurnalandygyny-da belledi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow bolsa öz hasabatynda daşary gatnaşyklar boýunça edilen işler barada durup geçdi.

Hökümet maslahatynda çinownikler prezidentiň sözlerini el çarpyp garşy alýarlar. 2-nji noýabr, 2012.

Hökümet maslahatynda çinownikler prezidentiň sözlerini el çarpyp garşy alýarlar. 2-nji noýabr, 2012.

Ol şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistana 520 sany daşary ýurt delegasiýasynyň sapar edendigini, Türkmenistanyň özünden bolsa daşary ýurtlara 557 sany delegasiýanyň sapar edip gelendigini belledi. Onuň sözlerine görä, şu hasabat döwründe 102 sany dürli hili halkara dokumentlerine gol çekilipdir.

Wise-premýer A.Goçyýewiň hasabatyna görä bolsa, şu ýylyň geçen 10 aýynyň dowamynda obalary özgertmek boýunça kabul edilen milli programmanyň çäklerinde bu maksat üçin goýberilen serişdeleriň özleşdirilişi geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende 48.3% artypdyr.

Emma resmi maglumatlarda bu maksatlar üçin näçe puluň goýberilendigi hem-de näçe serişdäniň haýsy obýektlere sarp edilendigi barada anyk sanlar getirilmeýär.

Ylym we bilim pudagyna serenjamlyk edýän wise-premýer S.Toýlyýew öz hasabatynda şu ýylyň başky 10 aýynyň dowamynda tutuş ýurt boýunça umumy bilim berýän mekdepleriň 23-siniň we çagalar baglarynyň-da 29-synyň ulanylyşa tabşyrylandygyny aýtdy.

Onuň hasabatyna görä, ýylyň başky 10 aýynda türkmenistanly mekdep okuwçylary dürli dersler boýunça halkara olimpiadalarynyň 21-sine gatnaşyp, olarda 20 sany altyn medal, 42 sany kümüş medal we 60 sany-da bürünç medal gazanypdyrlar.

Prezident G.Berdimuhamedow bu hökümet maslahatynda ýurduň ylym pudagy üçin goýberilen 10 million dollar serişdäniň haýal edilmezden öz niýetlenilen maksatlary üçin doly ýagdaýda ulanylmalydygy barada wise-premýer S.Toýlyýewe görkezme berdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG