Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Söweşijiler harby-howa baza garşy hüjüm edýärler


Şenbe güni Siriýadaky oppozision ýaragly söweşijiler ýurduň demirgazyk-günbatar regionyndaky bir harby-howa bazasyna garşy güýçli hüjüme geçdiler.

Bu wakanyň öňýany oppozision söweşijiler Damask bilen Aleppo şäheriniň aralygyndaky strategik taýdan möhüm bir territoriýany ele alandyklaryny yglan edipdiler.

Iki gün mundan ozal bolsa, oppozision söweşijiler häzirki hüjümiň alnyp barylýan ýerinden 15 kilometr töweregi uzaklykda ýerleşýän Sarakeb şäherçesiniň golaýyndaky başga-da bir howa bazasyny ele geçiripdiler.
XS
SM
MD
LG