Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň deputaty Holokost meselesi boýunça işden çekildi


Şenbe güni Orsýetiň Smolensk şäher geňeşiniň deputaty Andreý Ýerşow Holokost gyrgynçylygynda diri galanlar barada aýdan garaýşy bilen baglanyşykly dörän dawalar sebäpli deputatlyk wezipesinden çekildi.

Oktýabr aýynyň ortasynda geçen geňeş maslahatynda ol nasistleriň konslagerinde çagaka tussaglykda bolan adamlara jemgyýetçilik transportundan mugt peýdalanmak ýaly ýeňillikleriň berilmegine garşy çykyş edipdi.

Ol şonda “Näme üçin olara beýle ýeňillik berimeli? Olaryň gyrlyp gutarylmandygy üçinmi?” diýip, sorag goýupdy.

Andreý Ýerşowyň bu eden çykyşynyň audio ýazgysy tiz wagtdan internetde peýda bolanda, köp adamlar muňa ýiti reaksiýa bildirdiler we Ýerşowyň deputatlykdan çekilmegine çagyryş etdiler.

Andreý Ýerşow Orsýetiň dolandyryjy “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň agzasy.
XS
SM
MD
LG