Sepleriň elýeterliligi

Saz sungatynda uly yz galdyran halypa


Han Akyýewiň ençeme ýaş sazandalaryň halypasy boldy. Şolardan iň tanymaly hem iň görnüklisi onuň öz ogly, örän ýaş arada çykan Gulbaba Akyýew bolsa gerek.

Han Akyýewiň ençeme ýaş sazandalaryň halypasy boldy. Şolardan iň tanymaly hem iň görnüklisi onuň öz ogly, örän ýaş arada çykan Gulbaba Akyýew bolsa gerek.

Türkmen halky örän şahandaz halk diýip, taryh kitaplary ýazýarlar. Halk her niçik agyr şertlerde ýaşasa-da, öz milli sungatyna aýratyn sarpa goýup gelipdir. Aýdym-saz senediniň şu günlere gelip ýeten ugurlaryndan çen tutulsa-da, olaryň köp hem dürli ugurly bolandygyny, halkyň beýik senet döredendigini görüp bilýäris.

Türkmeniň klassyky aýdym-saz sungaty örän täsin we özboluşly sungat. Bu sungat umumylykda bir bitewi milli medeniýet bolsa-da, ol öz arasynda dürli şahalara bölünip, biri beýlekisinden azda-kände tapawut edýär.

Şolardan iň ulularyndan hem gadymylaryndan biri salyr-saryk ýoly bolsa gerek. Belli sazanda Han Akyýew bu ýoluň soňky täze nesile degişli ussat wekillerinden biri saýylýar. Şu ýyl onuň dünýä inenine laýyk 90 ýyl boldy.

Han Akyýewiň uly hyzmatlaryndan biri-de onuň halypalyk işlerine degişlidir. Ol ençeme ýaş sazandalaryň halypasy boldy. Şolardan iň tanymaly hem iň görnüklisi onuň öz ogly, örän ýaş arada çykan Gulbaba Akyýew bolsa gerek. Örän täsin ykbally, ussat aýdymçy hem sazanda Gulbaba Akyýew öz kakasynyň senedini elýetmez belende göterer diýlip garaşylypdy. Arman, Gulbabanyň ömri gaty gysga boldy.

Ýazyjy Hudaýberdi Hally Şwesiýada ýaşaýan ýazyjy hem şahyr Akmuhammet Welsapar bilen ussat sazanda Han Aky barada söhbetdeş boldy.

Şu baradaky ýörite gepleşigi diňlemek üçin şu ýere basyň:
XS
SM
MD
LG