Sepleriň elýeterliligi

Sowet repressiýalary: Ýaşlar näme bilýär?

Orsýetiň ynsan hukuklaryny goraýjy Memorial merkezi syýasy repressiýalaryň pidalarynyň hatyrasyna "Atlary dikeltmek" ady bilen Moskwanyň Lubýanka meýdançasynda ýörite aksiýany ýola goýdy. Moskwa, 29-njy oktýabr, 2011.

Orsýetde we öňki sowet respublikalarynyň bir toparynda sowet hökümetiniň syýasy repressiýalarynyň pidalary wagtal-wagtal ýatlanyp durulýar, olar hakda makalalar ýazylýar, kitaplar çykarylýar, kino, sahna eserleri döredilýär, surat çekilýär.

Şeýle-de, 1991-nji ýyldan bäri her ýylyň 30-njy oktýabrynda sowet döwründe bolan syýasy repressiýalaryň pidalarynyň Hatyra güni bellenilip geçilýär.

Eýsem, sowet döwrüniň syýasy repressiýalary barada türkmenistanly ýaşlar näme bilýär, olara bu ugurda nähili bilim, düşünje ýa maglumat berilýär?

Şu barada geçirilen “Tegelek stol” söhbetdeşligine Türkmenistandan ýazyjy we garaşsyz žurnalist Aşyrguly Baýryýew, publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew we Türkiýeden ýaş türkmen işçisi Rozybaý Jumamyradow gatnaşýar.

Şu “Tegelek stol” gepleşigini diňlemek üçin şu ýere basyň:

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG