Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýranyň deputatlary prezidentden hasabat talap edýärler


Ýekşenbe güni Eýranyň döwlet radiosy bu ýurduň parlamentiniň 77 sany deputatynyň prezident M.Ahmedinejatyň walýuta krizisi boýunça alyp barýan syýasatyndan resmi şikaýat edendigini habar berdi.

Eýranyň kanunyna laýyklykda, indi ýurduň prezidenti bir aýyň dowamynda bu şikaýata jogap berip, parlamentiň öňünde çykyş etmeli.

Munuň özi soňky bir ýyldan hem az wagtyň dowamynda Eýranyň parlament deputatlarynyň ikilenji gezek prezidentden hasabat talap etmesi hökmünde alamatlandy.

Geçen ýylyň ortalarynda Eýranyň milli puly bolan rialyň bir dollara bolan gatnaşygy 11 müň rial bolan bolsa, geçen aý onuň bir dollara bolan hümmeti 36 müň riala ýetdi.

Soňky wagtlar bu ýagdaýa Günbatar ýurtlarynyň Eýrana garşy girizen maliýe-ykdysady sanksiýalary has-da uly täsirini ýetirýär.
XS
SM
MD
LG