Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan: Hajathananyň ýumrulmagynda dört adam öldi


Şenbe güni Gyrgyzystanyň Oş oblastynda Kara-Su söwda bazaryndaky jemgyýetçilik hajathanasynyň ýumrulmagy netijesinde azyndan dört adam ölüp, bäş adam keselhana düşdi.

Ýerli resmiler henizem bu ýumrulan binanyň harabalyklarynyň aşagyndan adamlary gözlemek işiniň dowam edýändigini aýdýarlar.

Maglumata görä, Gyrgyzystandaky bu iň uly söwda merkezinde näbelli sebäbe görä jemgyýetçilik hajathanasynyň uly binasy öz-özünden ýumrulypdyr.

Gyrgyzystanyň Kara-Su söwda bazaryna goňşy Özbegistandan we Hytaýdan hem söwdegärler söwda etmäge gelýärler.
XS
SM
MD
LG