Sepleriň elýeterliligi

Hytaýyň Kompartiýasy tanymal resmini wezipeden boşatdy


Ýekşenbe güni Hytaýyň Kommunistik partiýasy bu partiýanyň ýokary derejeli resmisi Bo Ksilaýy onuň aýalynyň işi bilen baglanyşykly wezipesinden boşatdy.

Munuň özi indi onuň aýalyna britaniýaly bir biznesmeni öldürmekde bildirilýän aýyplamalar boýunça öz aýaly bilen birlikde onuň özüniň-de jenaýat jogapkärçiligine çekilip bilinjekdigini aňladýar.

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň bu baradaky maslahaty bu partiýanyň hepdäniň penşenbe güni açyljak gurultaýynyň öňýany geçirildi.

Geljekki gurultaýda Hytaýyň lideri Hu Žintaonyň öz wezipesini wise-prezident Ksi Ýinpinge tabşyrmagy mümkin diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG