Sepleriň elýeterliligi

HRW Türkmenistan babatda Ýewroparlamente ýüzlendi


Ýewropa Parlamentiniň Strazburgdaky binasy. Strazburg, oktýabr, 2012.

Ýewropa Parlamentiniň Strazburgdaky binasy. Strazburg, oktýabr, 2012.

Ynsan hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa regiony boýunça bölüminiň direktory Weronika Szente Goldston ýakynda bu guramanyň internet saýtynda Türkmenistandaky ynsan hukuklarynyň ýagdaýy bilen baglanyşykly ýörite beýanat ýaýratdy.

Bu beýanatynda Weronika Szente Goldston Ýewropa Parlamentiniň Türkmenistan bilen Partnýorlyk we hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyga gol çekmezinden ozal Türkmenistandaky ynsan hukuklarynyň häzirki ýagdaýyna düýpli üns bermelidigini nygtapdyr.

“Human Rights Watch” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa regiony boýunça bölüm direktory W.S. Goldston.

“Human Rights Watch” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa regiony boýunça bölüm direktory W.S. Goldston.

Özüniň bu baradaky beýanatynda hanym Goldston, hususan-da, şeýle ýazýar: “Ýewropa Parlamenti häzirki wagt Ýewropa Bileleşiginiň ynsan hukuklary babatdaky syýasatynyň prinsiplerine näderejede ygrarlydygyny görkezmek boýunça möhüm synag bilen ýüzbe-ýüz dur. Bu mesele bolsa Ýewroparlamentiň Türkmenistandan ynsan hukuklary meselesinde hiç hili oňyn özgerişlikleri talap etmezden, onuň bilen has gowulandyrylan gatnaşyklary goldajakdygy ýa goldamajakdygy bilen baglanyşykly”.

Weronika Szente Goldston Türkmenistany dolandyrýan hökümetiň dünýäde iň bir repressiw hökümetleriň biridigini nygtapdyr. Ol indi Ýewropa Parlamentiniň Türkmenistan bilen Partnýorlyk we hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyga berjek sesiniň Ýewroparlament üçin möhüm synag boljakdygyny aýdýar.

“Human Rights Watch” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa regiony boýunça bölüm direktory Weronika Szente Goldston bu baradaky ses berişligiň ýakyn wagtlarda, hatda şu noýabr aýynda geçirilmeginiň mümkindigini belleýär.

Hanym Goldston öz beýanatynda şeýle ylalaşygyň proýektini Ýewropa Parlamentiniň häzirki wagt oňlamaly däldigini nygtap, şeýle diýýär: “Ýewropa Parlamenti bular ýaly açyk ýalňyş hereketden saklanmalydyr we Ýewropa Bileleşigi bilen hoşniýetli gatnaşyklaryň diňe ynsan hukuklaryny gowulandyrmak arkaly ýola goýulmalydygy barada yşarat göndermelidir”.

"Ýewropa Parlamenti bular ýaly açyk ýalňyş hereketden saklanmalydyr..."

Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, “Human Rights Watch” guramasynyň wekili tebigy gaza baý Türkmenistan bilen gatnaşyklary gowulandyrmaga çalyşýan Ýewropa Komissiýasy tarapyndanam, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar tarapyndanam henize çenli Türkmenistandan şeýle talaplaryň edilmeýändigini belläpdir.

Şu nukdaýnazardan Weronika Szente Goldston Ýewropa Bileleşiginiň Partnýorlyk we hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygynyň ynsan hukuklaryna degişli düzgünlerinde özara hyzmatdaşlyga girýän taraplaryň ikisiniň-de ynsan hukuklaryna hormat goýmaklygyny şert edip goýýandygyny ýatladýar.

Hanym Goldstonyň bellemegine görä, bu gürrüňi edilýän düzgün ynsan hukuklaryna hormat goýmak barada edilýän talaplaryň ýerine ýetirilmeýän halatynda, özara hyzmatdaşlyklaryň ýatyrylmagyny-da öz içine alýar.

Weronika Szente Goldston Türkmenistan babatynda Ýewropa Parlamentiniň häzirki ýagdaýdan ýerlikli peýdalanmagy üçin mümkçinligiň bardygyna ünsi çekipdir.

Ol Ýewropa Parlamentiniň 2008-nji we 2010-njy ýyllarda ozal resmi talap edişi ýaly, ýene bir gezek Türkmenistandan syýasy tussaglary azat etmek, aktiwistleriň we olaryň dogan-garyndaşlarynyň syýahat etmeklerine girizilen gadagançylyklary ýatyrmak, ynsan hukuklary boýunça garaşsyz synçylary ýurda goýbermek ýaly iň bir zerur ädimleri talap etmelidigini nygtapdyr.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG