Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Sud Tarek al-Haşemä üçülenji gezek ölüm jezasyny berdi


Ýekşenbe güni Bagdadyň sudy Yragyň bosgunlykdaky ozalky wise-prezidenti Tarek al-Haşemini indi üçülenji gezek gaýybana ýagdaýda ölüm jezasyna höküm etdi.

Sud bu gezek ony 2011-nji ýylda ýerli şaýylary nyşana alyp gurnalan bomba partlamasyna dahyllylykda günäli tapdy. Hut şu iş bilen baglanyşykly Yragyň sudy Tarek al-Haşeminiň giýewisi Ahmed Kahtany-da ölüm jezasyna höküm etdi.

Yragyň premýer-ministri Nuri al-Mälikiniň ýiti tankytçysy Tarek al-Haşemi geçen ýylyň dekabrynda özüne aýyplama bildirilmeginiň yzy bilen ýurdy terk edipdi.

Mundan öň ol adam öldürmek bilen meşgullanýan ýörite jezalandyryjy topar saklamakda-da aýyplanyp, ölüm jezasyna höküm edilipdi. Tarek al-Haşeminiň özi bu bildirilýän aýyplamalary syýasy matlaba esaslanýan aýyplama diýip atlandyrýar.
XS
SM
MD
LG