Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýanyň prezidenti Liwanda Siriýa barada gepleşik geçirýär


Ýekşenbe güni Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland Liwanyň paýtagty Beýruta sapara bardy.

Onuň Liwanyň prezidenti Mişel Süleýman bilen geçirjek gepleşiklerinde esasan Siriýadaky krizisler bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygy habar berilýär.

Liwana saparyndan soň Fransiýanyň prezidenti regiondaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Saud Arabystanyna sapara barar diýlip garaşylýar.

Bu wakalaryň fonunda ýekşenbe güni Siriýanyň döwlet telewideniýesi paýtagt Damaskda “Dama Rose” atly uly bir myhmanhananyň öňünde partlama amala aşyrylandygyny habar berdi.

Partlamada azyndan 11 adamyň ýaralanandygy barada maglumat alyndy. Bu partlamanyň amala aşyrylan ýerindäki myhmanhanada ýakynda BMG-niň synçylary-da bolupdy.
XS
SM
MD
LG