Sepleriň elýeterliligi

Şahyr Şiralynyň täze goşgulary


Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly. Stokgolm, fewral, 2011.

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly. Stokgolm, fewral, 2011.

Söýgi

Söýgi bir keramat, söýgi bir gudrat,
Bar, kimden sorap gör – her kim dilewar.
O girdaba düşen çykanok gaýdyp,
Kenarda bialaç duran aglaýar.

Kim gaýkyny söýýär, kimem küýküni,
Bu panyda her kim bir zada aşyk.
Biri bagt guşuny ürküzip kowjak,
Biri gözläp gitjek dag-derýa aşyp.

Kimse gara günde talaban bolup,
Kisesine düşen teňňäni söýjek.
Kim lebzini ýuwdup, ölen dogannyň
Ahyn tutup ýatan ýeňňäni söýjek.

Ýer ýüzünde kança adam bar bolsa,
Söýgi hakda bar şonça-da düşünje.
Niýetiň düzüw bolsa – ak ýol seniňki,
Pälazana ýer galmaýa ökünje.

“Aşyk boldum!” diýip urma döşüňe,
“Men söýüldim!” diýip arkaýyn öwün.
Juda seresap bol, ölçemän kesme,
Gaýdyp ýelmenmeyär çat açan göwün.

Ordeni, medaly satyn alyp bor,
Öl janyň lezzeti uzaga gitmez.
Söygä baha kesme, onuň nyrhyna
Jahanyň tyllasy, göwheri ýetmez!


Rubagylar

Kör düýesi dar köprüden ötenler,
Höwür tapman buz ýorganda ýatanlar –
Her haýsysy bir kenary ýassanyp,
“Haýsymyz bagtlyrak?” – oýa batarlar.

***

Her obaň özüniň ak inişi bar,
Çaga ak inişden inip ulalýar.
Bagt guşuny depesinde galgadyp,
Adam ogly keramata ynanýar.

***

Akyly goýalşyp, beýnisi bekän,
Saklamak istemez harytsyz dükan.
Eýsem, wagşy däl-de, ýagşy niýetimiz
Ýolnan bägül kibi solaýjakmykan?

***

Häli umyt barka çykmadyk janda,
Näumyt hassalar saklanar sanda.
Ajala ýetirmän alyp ýatarlar
Kowum-gardaşlary ýygnansa ýanna.

***

Ezraýyl birehim bolmasa käshgä,
Nowjuwan bimahal ölmese käşgä.
Guburyň başyna enedir-ata
Jigerin paralap gelmese käşgä.
XS
SM
MD
LG