Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da saýlaw kampaniýalary möwjeýär


ABŞ-nyň prezidentligine dalaş edýän Barak Obama (sagda) we Mitt Romni.
ABŞ-nyň prezidentligine dalaş edýän Barak Obama (sagda) we Mitt Romni.
Prezident Barak Obama we onuň Respublikan partiýasyndan bäsdeşi Mitt Romni sişenbe güni geçiriljek saýlawlaryň öňüsyrasynda berk saýlaw kampaniýalaryny alyp barýarlar. Pikir soraýyşlyklaryň netijelerine görä, heniz doly karara gelmedik diýilýän ştatlarda, az ara tapawut bilen Obama öňde barýar.

Sişenbe güni geçiriljek saýlawlarda adamlaryň iň köp sesini alan däl-de, azyndan 270 saýlaw sesini alan dalaşgär ýeňiş gazanar. Her bir ştat üçin, onuň ululygyna görä, kesgitlenen saýlaw sesi bar.

Ekspertleriň pikiriçe, Ogaýadaky boljak netijeler saýlawlarda möhüm orny oýnar. Ogaýanyň 18 saýlaw sesi bardyr.

Ýekşenbe güni hem Obama hem-de Romni ýurduň merkezi-günbatar ştatlarynda kampaniýa alyp bardylar.

ABŞ-da saýlaw kampaniýalary möwjeýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:29 0:00

Romni Ogaýada eden çykyşynda Obamanyň prezidentlik eden döwri juda az zady amala aşyryp bilendigini, şu sebäpli-de onuň nobatdaky prezidentlik möhletine mynasyp däldigini aýtdy.

Romni: “Men olary ähli gep-gürrüňleri, mahabatlary we hüjümleri bir gyra çekip, edilen işlere syn etmäge çagyrýaryn. Sebäbi kä halatlarda gep-gürrüň boş bolup çykýar, emma edilen işler we sarp edilen gaýrat açyk-aýdyň görünýär. Üýtgeşiklik diňe bir sözler ýa-da çykyşlar bilen kesgitlenilmeýär, bu amal edilen işler bilen ölçelýär. Şunlukda geliň edilen işlere nazar aýlalyň” diýip çykyşynda belledi.

Obama Nýu-Hampşirede eden çykyşynda bolsa, hakyky üýtgeşmeleri durmuşa geçirmek üçin, janyny gaýgyrman işlejekdigine söz berdi.

Obama: “Siziň meniň nirde durandygymy we nämä ynanýandygymy bilýärsiňiz. Siz meniň hakykaty aýdýandygymy bilýärsiňiz. Meniň prezidentlik ygtyýarlyklarym dowam edýärkä, men her gün, güýjümi gaýgyrman, siz we siziň maşgalalaryňyz üçin göreşerin” diýip belledi.

Berilýän maglumata görä, şu ýyl ABŞ-nyň prezidentlik saýlawlarynyň geçirilmegine 2.6 milliard dollar goýberler. 2008-nji ýyldaky saýlawlara 2.8 milliard dollar harçlanypdy.
XS
SM
MD
LG