Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýakyn Gündogar: Lawrow Siriýadaky krizisi çözmäge çalyşýar


Orsýetiň daşary işler ministri S. Lawrow (Ç) Kairde bolan gepleşiklerden soň guralan metbugat ýygnagynda çykyş edýär. 4-nji noýabr, 2012 ý.
Orsýetiň daşary işler ministri S. Lawrow (Ç) Kairde bolan gepleşiklerden soň guralan metbugat ýygnagynda çykyş edýär. 4-nji noýabr, 2012 ý.
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Kairde, täze bir diplomatiki tagalla bilen, Siriýadaky krizisi soňlamak üçin gepleşik geçirdi.

Lawrow Arap ligasynyň başlygy Nabil Elarabi we bilelikdäki BMG-Arap ligasynyň siriýa konflikti boýunça wekili Lakdar Brahimi bilen duşuşdy.

Lawrow taraplaryň ählisiniň Ženewa jarnamasy esasynda gepleşmeklige razy bolmagynyň gerekdigini nygtady. Bu jarnama iýunda kabul edilip, geçiş adminstrasiýasyna çagyrýardy. Ýöne bu ýerde Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň nähili rol oýnamalydygy ýa-da asla rol oýnamaldygy hem anyk däldi.

Orsýet we käbir beýleki ýurtlar

“Meniň pikirimçe, bu ýerde hemme zat ýönekeý, biz Ženewada näme etmelidigi barada bir karara geldik. Biz Ženewada hemme daşky oýunçylar biri-birine garşy uruşýan taraplaryň ählisine şol bir zady aýtmaly diýip karar etdik. Orsýet hut şuny hem edýär, ýagny hökümete hem, ähli oppozisiýa toparlaryna hem şol bir zady aýdýar. Ženewada yglan edilen hereket toparynyň beýleki käbir agzalary, käbir günbatar we region ýurtlary oppozisiýa ‘söweşmegi dowam et, siziň işiňiz hak, siz ýeňersiňiz’ diýýärler” diýip, Lawrow aýtdy.

Emma Brahimi Ženewa jarnamasynyň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň täze rezolýusiýasy üçin esas bolmalydygyny aýtsa, Lawrow munuň zerur däldigini öňe sürýär.
BMG-Arap ligasynyň Siriýa boýunça wekili Lakdar Brahimi Siriýa krizisine harby çözgüdiň ýokdugyny aýdýar.
BMG-Arap ligasynyň Siriýa boýunça wekili Lakdar Brahimi Siriýa krizisine harby çözgüdiň ýokdugyny aýdýar.

Brahimi Siriýadaky konfliktiň harby çözgüdiniň ýokdugyny aýdýar. Aktiwistleriň ýurt içinden beren maglumatlaryna görä, bu konfliktde 30 müňden gowrak adam öldi.

Harby çözgüt ýok

“Bigünä adamlaryň ölümine sebäp bolýan gandöküşiklik hiç bir tarapa ýeňiş getirmez. Siriýa krizisinde harby çözgüt ýok. Bu ýerde bolup biljek ýeke-täk zat syýasy çözgüt we hemme taraplaryň gatnaşmagyna ylalaşylan syýasy proses, ýa-da Siriýanyň geljegi betbagtçylykly bolar” diýip, Brahimi aýtdy we bu krizisiň Siriýanyň serhetleriniň çäginde durman, goňşy ýurtlara, belki-de alysdaky ýurtlara hem ýaýramak ähtimallygyny sözüne goşdy.

Musulmanlaryň Gurban baýramy mahalynda atyşygy kesmek barada baglaşylan ylalaşyk bozulandan soň, Lawrow Ýakyn Gündogara dört günlük sapar edýär.

Orsýet Arap dünýäsinde Assady goldamakda tankyt edilýär.

Kairde gepleşik geçirilen güni Siriýanyň bölünişikdäki oppozisiýa toparlary hem Katarda gepleşiklere başladylar.

Assady ýykjak strategiýa

Bu gepleşiklerde, Birleşen Ştatlaryň goldamagynda, Siriýanyň içinden has köp wekiliň gatnaşmagynda 50 agzaly täze ýolbaşçy toparyň döredilmegi gün tertibinde dur.

“Siriýanyň Milli inisiatiwasy” diýlip atlandyrylan plan esasynda, täze ýolbaşçylar toparyna gozgalaňçy “Azat Siriýa goşunynyň”, syýasy toparlaryň we Siriýadaky ýerli geňeşleriň wekilleri girer.

Siriýa Milli geňeşiniň sözçüsi Jorj Sabra oppozisiýanyň Assadyň ýykylmagyny çaltlaşdyrjak strategiýa düzmegi gerek diýdi.

"Biz Siriýanyň Milli geňeşinde, režimiň ýykylmagyny çaltlaşdyrmak we ýurduň azatlygyň we demokratiýanyň täze bir döwrüne başlamagy üçin, beýleki oppozisiýa toparlary bilen gepleşiklere gatnaşyp, öz öňümizde durýan wezipler we siriýa oppozisiýasy hökmünde oýnalmaly zerur rol barada bir karara geldik" diýip, Sabra aýtdy.

Amerikan resmileri oppozisiýanyň dagynyklygynyň daşary ýurtlaryň Assady ýykmak üçin göreşýän oppozisiýa has saldamly goldaw bermegini bökdäp gelýändigini öňräkden aýdyp gelýärdiler.
XS
SM
MD
LG