Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Lawrow Kairde Siriýa krizisini maslahat edýär


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Kairde, täze bir diplomatiki tagalla bilen, Siriýadaky krizisi soňlamak üçin gepleşik geçirdi. Ol Arap Ligasynyň başlygy Nabil Elaraby we BMG-niň we Arap Ligasynyň wekili Lahdar Brahimi bilen duşuşdy.

Fransiýanyň “AFP” habar agentliginiň maglumatyna görä, Ýakyn Gündogara saparynyň çäginde Sergeý Lawrow “Siriýadaky konfliktiň taraplaryny atyşygy bes edip, gepleşikleri geçirmeklige çagyryş etmelidigini” nygtapdyr.

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady goldaýanlykda Orsýet Arap dünýäsinde tankytlanyp gelinýär.

Kairde geçýän gepleşikleriň fonunda Siriýanyň bölünen oppozisiýa toparlary Katarda dört günlük maslahata başladylar.
XS
SM
MD
LG