Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ykdysadyýet: Ýewropa Bileleşigi we Aziýa sammit geçirýär


Duşenbe güni Laosyň paýtagty Wýentýanda “Aziýa-Ýewropa” sammiti başlanýar.

Iki günläp dowam etjek bu foruma “Aziýa-Ýewropa duşuşygyna” ("ASEM") girýän 52 ýurduň liderleri we beýleki ýokary derejeli resmileri gatnaşýar.

“ASEM”-iň häzirki dokuzynjy duşuşygynda dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýy, ýewrozonadaky krizisiň sebäpleri we ondan çykmagyň ýollary, Hytaýda we Hindistanda ykdysadyýetiň ösüşiniň pese gaçmagy ýaly meselelere garalar.

“ASEM” 1996-njy ýylda döredildi.
XS
SM
MD
LG