Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýlaw kampaniýasynyň soňky gününde bäsleşik dowam edýär


Duşenbe güni ABŞ-nyň prezident saýlawlary boýunça kandidatlaryň iň soňky kampaniýasy geçirilýär.

Saýlaw kampaniýasy döwründe geçirilen pikir soralyşyklaryň netijesi Ak Tamda baş wezipäni eýelemek üçin bäsleşikde ýeňiş gazanmak üçin prezident Barak Obama bilen onuň garşydaşy, Respublikan partiýasynyň wekili Mit Romneýniň deňeçirräk mümkinçilikleriniň bardygyny görkezýär. Ýöne heniz doly karara gelmedik diýilýän birnäçe ştatda Obama garşydaşyndan sähelçe öňde barýar.

Sişenbe güni geçiriljek saýlawlarda iň köp ses alan däl-de, azyndan 270 saýlaw sesini alan dalaşgär ýeňiş gazanar. Her bir ştat üçin onuň ululygyna görä kesgitlenen saýlaw sesi bar.

Ýekşenbe güni demirgazyk-gündogarda ýerleşýän Nýu Hämpşaýer ştatynda eden çykyşynda Barak Obama hakyky özgerişikleri gazanmak üçin berk işlejekdigine söz berdi.

Romneý bolsa Ogaýo ştatynda eden çykyşynda Obamanyň birinji prezidentlik möhletinde az üstünlik gazanandygyny we onuň ikinji möhlete saýlanmaly däldigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG