Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda üç aýal içalylykda aýyplanyp tussag edildi


Özbek resmileri Surhanderýa regionynda üç aýala Täjigistana içalylyk edenlikde aýyplanyp günä bildirilendigini yglan etdiler.

Duşenbe güni telewideniýede berlen maglumata laýyklykda, bu üç aýal 14 we 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir.

Günä bildirilen aýallaryň ikisiniň Özbegistanyň raýatydygy, üçünjisiniň bolsa Täjigistanda doglan we raýatlygy boImadyk aýaldygy aýdylýar.

Sülçüleriň maglumatlaryna görä, olar täjik gizlin gulluklaryndan Özbegistanyň harby we kanun goraýjy edaralary barada maglumatlary üçin pul alypdyrlar.

Bu barada goşmaça maglumat berilmeýär.

Suw we energiýa resurslary hem-de tranzit ýollary boýunça dörän dawa sebäpli özbek-täjik gatnaşyklary birnäçe ýylyň dowamynda dartgynlaşdy.

Daşkent Täjigistany energiýa we gaz bilen üpçün etmekligi bes etdi we iki ýurduň arasyndaky awtomobil we demirýol gatnawuny kesdi.
XS
SM
MD
LG