Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň günorta-gündogarynda ulag partlamasynda bir adam öldi


Türkiýäniň resmileriniň maglumatyna görä, ýurduň günorta-gündogarynda ýüz beren ulag partlamasynda bir adam ölüp, azyndan 12 adam ýaralanypdyr.

Bu bomba partlamasy ýekşenbe güni Yrak bilen Eýranyň serhedine golaý Hakkari welaýatynyň Sembinli şäherinde polisiýa ulagynyň barýan ýolunda ýüz berdi.

Bu sebitde soňky aýlaryň dowamynda Türkiýäniň howpsuzlyk güýçleri bilen Kürdüstanyň Işçi Partiýasynyň (KIP) agzalarynyň arasynda ýowuz söweşler bolýar.

Kürdüstanyň Işçi Partiýasy Türkiýede kürtleriň köplük bolup ýaşaýan günorta-gündogar sebitinde aýratyn öz döwletini gurmaklygy maksat edinip, 1984-nji ýylda ýaragly söweşe başlady. Şondan bäri bu ýerde 40 müňden gowrak adam öldi.
XS
SM
MD
LG