Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň maslahatyna gatnaşar


Türkmenistanyň wise-premýeri Sapardurdy Toýlyýew Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Baş Assambleýasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň 31-nji maslahatyna gatnaşýar. Bu maslahat 5-9-njy noýabr aralygynda Hytaýyň Makao administratiw raýonynda geçirilýär.

Türkmen mediýasynyň maglumatyna görä, bu barada Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dokumente gol çekipdir.

Bu maslahatda Aziýa oýunlaryna taýýarlyk meselesine garalar we Olimpiýa geňeşiniň agzalarynyň hasabatlary diňlener.

Ýatladyp geçsek, 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda geçýän oýunlar we gündogar göreşleri boýunça “Aziýa-2017” ýaryşy geçiriler.
XS
SM
MD
LG