Sepleriň elýeterliligi

Owgan hökümeti halkara guramasyna garşy hereket edýär


Owganystanyň hökümeti düýbi Ýewropada ýerleşýän Halkara Krizis toparyna garşy hereket edýär. Bu toparyň Owganystan baradaky berýän hasabatynyň esassyzdygy aýdylýar.

Guramanyň geçen aýda çykaran hasabatynda prezident Hamid Karzaý ýurduň asudalygynyň aladasyndan gaýry häkimiýet başynda galmaklygyň aladasyny has köp edýändigi üçin tankyt edilýär.

Şeýle hem, Brýusseldäki bu garaşsyz guramanyň hasabatynda 2014-nji ýylda ýurtdan NATO-nyň goşunlary çykarylanyndan soň Owgan döwleti dargap, ýurtda graždan urşunyň dörejekdigi çaklanylýar.
XS
SM
MD
LG