Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Oppozisiýa boýkot bilen haýbat atýar


Ukrainanyň oppozisiýasy 28-nji oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynyň netijelerini sanamakda ýüz berýär diýilýän galplyklar bes edilmese, ýurduň täze parlamentini boýkotlamak bilen haýbat atýar.

Saýlawlardan bir hepdä golaý wagt geçse-de, resmiler sesleri sanamagy dowam etdirýärler. Tankytçylar sesleriň prezident Wiktor Ýanikowiçiň Regionlar partiýasynyň haýryna galplaşdyrylýandygyny belleýärler.

Ozalky premýer-ministr, häzir tussaglykda saklanýan Ýuliýa Timoşenkonyň “Batkiwşçyna” (“Ata watan”) partiýasynyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Oppozisiýa koalisiýasy “eger-de hökümet saýlaw netijelerini galplaşdyrmagyny we oppozisiýa dalaşgärleriniň orunlaryny eýelemegini dessine togtatmasa”, onda “nobatdaky parlamenti ykrar etmejekdigini”, şeýle-de irki prezidentlik hem parlamentar saýlawlaryny çagyrjakdygyny aýtdy.

Koalisiýanyň geçiji ýolbaşçysy Arseniý Ýatsenýuk bu baradaky aýyplamalary Kiýewde geçirilen protestlerden soň ýene-de bir gezek dile getirdi. Ol Regionlar partiýasyny “ukrainlylaryň seslerini ogurlamakda we netijeleri özüniň dalaşgärleriniň bähbidine görä üýtgetmekde” aýyplady.

Oppozisiýadaky beýleki iki partiýa hem, ýagny milletçi “Swoboda” (“Azatlyk”) hereketi we boks boýunça çempion Witaliý Kliçkonyň “Udar” partiýasy-da 450 orunlyk parlamentdäki ýerlerinden ýüz öwürmek bilen haýbat atdy.

Eger-de üç partiýa hem parlamentdäki orunlaryndan ýüz öwürse, onda häkimiýet zerur bolan 300 deputatdan kem galar. Oppozisiýa munuň netijesinde, täze saýlawlaryň geçiriljekdigine umyt edýär.

Emma, iş ýüzünde, täze saýlawlaryň geçiriljekdigi baradaky mümkinçilikler juda pes.

Ukrainanyň kanunçylygyna görä, diňe ýurduň prezidenti täze parlament saýlawlaryny çagyryp bilýär.

28-nji oktýabrda geçirilen saýlawlaryň resmi netijelerine görä, Ýanikowiçiň Regionlar partiýasy sesleriň 30% töweregini alyp, parlamentde orunlaryň aglabasyny almagy başarypdyr.
XS
SM
MD
LG