Sepleriň elýeterliligi

Gresiýada tygşytlylyk çärelerine garşy iş taşlaýyş geçirilýär


Gresiýada sişenbe gününden başlap, býujet kemeltmeleri sebäpli 48 sagatlyk iş taşlaýyş geçirilýär.

Transport gatnawy, şol sanda awtobuslar we otlular duruzylýar. Hökümet edaralary, banklar, mekdepler ýapylýar, hassahanalarda diňe gyssagly tiz kömek berýän wraçlar işlär.

Bu iş taşlaýyş premýer-ministr Antonis Samarasyň hökümetiniň parlamenti býujet kemeltmeleri we salgyt ýokarlandyrmalary bilen bagly 13.5 milliard ýewroly (17 milliard dollarly) paketi tassyklamaga çagyrýan wagtyna gabat geldi.

Şeýle-de bu paket firmalaryň adamlary işe almagyny we işden kowmagyny aňsatlaşdyrar.

Reformalaryň tassyklanmagy we 2013-nji ýylyň býujetiniň kabul edilmegi Halkara pul fondy bilen Ýewropa Bileleşiginden alynmaly we maý aýyndan bäri saklanylýan halas ediş kömeginiň, 31.5 milliard ýewronyň öňüniň açylmagy üçin zerur.

Parlament bu paketi çarşenbe güni ses goýmaly.
XS
SM
MD
LG