Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Oppozisiýa sesleriň gaýtadan sanalmagyny talap edýär


Ukrainada oppozisiýanyň geçen aýda bolan parlament saýlawlarynyň seslerini bölekleýin gaýtadan sanamagy talap etmegi bilen syýasy dartgynlylyk ýokary galýar.

Oppozisiýa saýlaw resmilerini 28-nji oktýabrda geçen saýlawlary Wiktor Ýanukowiçiň dolandyryjy partiýasynyň haýryna galplaşdyrmakda aýyplaýar.

Oppozisiýa liderleri duşenbe güni agşam Kiýewde saýlaw resmileriniň 13 saýlaw etrabynda sesleri gaýtadan sanamaklaryny talap etdiler. Saýlaw resmileri şol etraplaryň bäşisinde ses berişligi gaýtadan geçirmegi teklip etdiler.

Birleşen oppozisiýanyň lideri Arseniý Ýatsenýuk bu teklibi ret etdi we oppozisiýanyň gaýtadan ses berilmegini däl, gaýtadan ses sanalmagyny isleýändigini aýtdy.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň daş işiginde 1500 çemesi oppozisiýa tarapdary demonstrasiýa geçirdi.
XS
SM
MD
LG