Sepleriň elýeterliligi

Terrorizm: ABŞ “Hakgani” toparyna garşy sanksiýa girizýär


Birleşen Ştatlar “Hakgani” toparyny ajalyna kaýyl kast edijileriň geçirýän operasiýalarynyň halkara terrorçylygyndaky baş guramaçysy atlandyrdy we oňa garşy maliýe sanksiýasyny girizdi.

Döwlet departamentiniň duşanbe güni çap eden beýanatynda Pakistanda ýerleşýän jeňçi toparyň janyndan geçen terrorçylaryň hüjümlerini guramagyna we söweşijilere kiçi ýaraglary, uly ýaraglary, partlaýjy enjamlary ulanmak tälimini bermegine Kary Zakiriň jogapkärdigi aýdyldy.

Şeýle-de beýanatda Zakiriň owgan welaýatlarynyň birnäçesindäki operasiýalara komandirlik edýändigi aýdylýar.

Waşington “Hakgani” toparyny sentýabr aýynda terrorçylar sanawyna goşupdy.

Bu topar Owganystandaky daşary ýurt esgerlerine hüjüm guramakda günälenýär.
XS
SM
MD
LG