Sepleriň elýeterliligi

HAEG: Tähran ýadro meselesinde hyzmatdaşlyk etmeýär


Halkara Atom energiýasy gullugynyň başlygy Eýran özüniň ýadro işleri baradaky detallary bermekden ýüz öwürýär diýýär.

Ýukio Amano bu tankydy duşenbe güni, BMG-niň Baş Assambleýasynda etdi. Amano şu ýyl, HAEG-nyň 2011-nji ýylyň noýabrynda çap eden hasabatyndan soň, Eýran bilen gepleşikleriň ýygjamlaşandygyny aýtdy.

Geçen ýylyň noýabrynda çap edilen hasabatda Eýranyň ýadro partlaýjylary babatdaky işleri hakynda ynamdar maglumatyň bardygy aýdylypdy.

Amano Eýrany öz ýadro programmasy barada has köp informasiýa bermäge yrmak boýunça edilen tagallalar anyk netije bermedi diýdi.

Tähran öz ýadro programmasynyň parahatçylyk maksatlydygyny aýdýar, Günbatar döwletleri ony ýadro ýaragyny edinjek bolmakda aýyplaýar.
XS
SM
MD
LG