Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-daky saýlawlara orta gatlaga degişli maşgalanyň garaýşy


Orta gatlak grek-owgan-amerikan maşgalasynda adamsy Respublikanlara ses berse, aýaly Demokratlara ses berýär.

Orta gatlak grek-owgan-amerikan maşgalasynda adamsy Respublikanlara ses berse, aýaly Demokratlara ses berýär.

Adamsy Respublikanlara ses berse, aýaly Demokratlara ses berýär. ABŞ-da geçirilýan prezident saýlawlaryndaky möhüm mesele boýunça Georgiý bilen Abrin Marountaslar biri-biri bilen ylalaşmaýar. Muňa garamazdan, owgan-grek-amerikan maşgalasyndaky bu är-aýal biri-birini söýýär.

Adamsyny ýarag baradaky hukuk we geýleriň durmuş gurmak meselesi gyzyklandyrýan bolsa, aýalyny saglygy saklaýyş we şahsy azatlyk baradaky mesele gyzyklandyrýar.
Prezident saýlawlarynda Georgiý bilen Abrin Marountslar aýry, dürli-dürli meselelere üns berýärler diýmek bärden gaýdýar.

Bu üç çagaly maşgala Waşingtonyň etegindäki Wirjinia ştatyna degişli Aşburn şäherinde ýaşaýar. Wirjinia ştaty häzirki saýlawlarda möhüm hasaplanýar, çünki bu ştatda Demokrat prezident Barak Obama we Respublikan Mit Romneýe ses berýänler deň ikä bölünýär.

Şeýle bölünişigi Marountslaryň hojalygynda hem görmek bolýar. Georgiý Romneýe ses berse, Abrin Obama ses berýär.

Çapraz garaýyşlar

Georgiý 25 ýyl mundan ozal Gresiýadan ABŞ-a göçüp gelipdir. Ondan näme üçin Respublikan Romneýe ses berýäň diýlip soralanda, ilki bilen ol partiýanyň ölüm jezasyny goldaýan pozisiýasy bilen ylalaşýandygyny aýdýar.

“Men gomoseksuallar hökman maşgala bolup ýaşamaly diýip pikir etmeýärin. Men maşgala erkek bilen aýalyň arasynda gurulmaly diýip düşünýärin. Özümiň näme üçin Respublikandygymyň beýleki sebäbi olar (Respublikanlar) her bir adamyň ýarag edinmäge hukugynyň bolmalydygynyň tarapdary” diýip, Georgiý aýdýar.

Abrinden “Siz näme üçin Obama ses berýäňiz” diýip soralanda ol özi üçin şahsy azatlygyň möhümdigini belleýär. Asly Owganystadan bolan Abrin diplomatyň maşgalasynda Saud Arabystanynda önüp-ösüpdir.

“Saud Arabystanynda aýallar erkinlikden mahrum. Ol (Obama) meniň üçin has gowy durmuşy isleýär. Men şol erkinligi we azatlygy duýýaryn we aýal hökmünde, ene we hatyn hökmünde Demokrat bolmaklyk meni kanagatlandyrýar” diýip, Abrin Obama ses berýändiginiň sebäbini düşündirýär.

Ol iki erkegiň ýa-da iki aýalyň resmi taýdan maşgala gurmak ideýasyna biparh garaýar. Ýarag baradaky hukuk ony az gyzyklandyrýar.

Şonuň bilen birlikde, Georgiý hatda öz aýalynyň möhüm hasaplaýan meselesini hem agzamady: 2010-njy ýylda Obama saglygy saklaýyş barada kanun kabul etdi, Romneý bolsa bu kanuny ýatyrmaga söz berdi.

Ileri tutulýan mesele

“Meniň üçin çagalarymyň aladasy ilkinji nobatda durýar. Saglygy saklaýyş bolsa meniň üçin has ýokary derejede. Galan zady men galmagal hasaplaýaryn. Meni öz çagalarymyň geljegi diýseň aladalandyrýar. Meniň çagalarym medisina ätiýaçsyz gan ýitirip ölübem bilerler. Şol sebäpden hem meniň üçin bu gaty möhüm mesele” diýip, Abrin aýdýar.

Maşgalanyň üç çagasynyň ikisi hroniki keselli we olar yzygiderli medisina hyzmatyna mätäçlik çekýärler. “Elýeterli Hyzmat Akty” diýlip atlandyrylan kanun medisina ätiýaçlyk kompaniýalaryna adamyň ömri boýunça töleg çäklendirmelerini gadagan edýär we ozal bar bolan näsaglyklary esasynda ätiýaçlyk hyzmatyndan el çekmeklerine ýol bermeýär. Şeýle hem bu kanun çaga 26 ýaşyna ýetýänçä ene-atasynyň saglyk ätiýaçlygynda galmagyna mümkinçilik döredýär.

Bu maşgala ýene-de bir mesele boýunça, ýagny hökümetiň ýeňilliklerine garaýyşda başgaça pikirlenýär. Halkyň garyp gatlagyna, şol sanda pensionerlere we weteranlara niýetlenen hökümet kömek programmasy Respublikanlar tarapyndan nyşana alynýar. Olar bu gatlaga has köp pul sarp edilýär diýýärler.

Georgiý işlemeli adamlaryň hökümetden pul almaklaryna demokratlar ýol berýärler diýýär we bu ýagdaýy Gresiýa hökümetiniň bergi meselesinde düşen ýagdaýy bilen deňeşdirýär.

Abrin hem kähalatlarda hökümetiň pullarynyň kömege zerur däl adamlara berilýändigi barada alada edýär, ýöne ol Romneýniň teklip edýän berk tygşytlaýyş syýasaty kömege hakykatdan hem mätäç adamlaryň köçede galmagyna getirer diýýär.

Romneý bilen Obamanyň garaýyşlarynyň çapraz gelýän iň uly meselesi bolan salgyt syýasatynda hem Georgiý bilen Abriniň garaýyşlary tapawutlanýar. Georgiý baý adamlaryň salgytlary azaldylmaly diýýär. Abrin bolsa muňa garşy durýar.

Şeýlelikde, syýasy taýdan dürli garaýyşdaky bu maşgala syýasat barada gürrüň edip bilýärmi diýen sorag ýüze çykýar. Olar erkin ýurtda ýaşamaklygyň aýratynlygy hem şunda diýýär – maşgala agzalary öz syýasy pikirlerini erkin beýan edip bilýändiklerini, ýöne syýasy taýdan çapraz gelýän garaýyşlarynyň olaryň birek-birege bolan duýgularyna täsir etmeýändigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG