Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň goranmak ministri wezipesinden boşadyldy


Wezipesinden boşadylan Orsýetiň goranmak ministri Anatoliý Serdýukow (sagda) we prezident Wladimir Putin
Wezipesinden boşadylan Orsýetiň goranmak ministri Anatoliý Serdýukow (sagda) we prezident Wladimir Putin
Sişenbe güni Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýurduň goranmak ministri Anatoliý Serdýukowy wezipesinden boşatdy we bu wezipä Moskwa oblastynyň gubernatory Sergeý Şaýguny belledi.

Goranmak ministriň wezipesinden boşadylýandygy barada Putin Sergeý Şaýgu bilen geçiren duşuşygynda yglan etdi. Prezidentiň Nowo-Ogarýowo rezidensiýasynda geçiren bu duşuşygy telewideniýe arkaly görkezildi.

Prezidentiň sözlerine görä, Serdýukowyň wezipesinden boşadylmagy Goranmak ministrliginde dörän ýagdaý bilen baglanyşdyrylýar.

Putin: “Siz Goranmak ministrliginde dörän gynandyryjy ýagdaýdan habarlysyňyz. Bu ýagdaý bilen bagly ähli meseleler boýunça obýektiw derňew alyp barmak üçin men Anatoliý Serdýukowy goranmak ministri wezipesinden boşatdym”.

Golaýda Orsýetiň derňew komiteti Serdýukowyň ýolbaşçylyk edýän edarasyna degişli “Oboronserwis” kompaniýasy bilen baglylykda bäş sany jenaýat işini gozgady. Bu kompaniýa gozgalmaýan mülk we ýer söwdasynda galplyga ýol berlenkde aýyplanýar.
Bu iş boýunça geçirilýän derňewiň çäginde sud güman edilýän üç adamyň tussag edilmegine sanksiýa berdi.

Wladimir Putin ýurduň iň möhüm edaralarynyň biri bolan Goranmak ministrligine ýolbaşçy bellenmeli adamyň soňky ýyllaryň dowamynda ýurtda gazanylan ähli üstünlikleri dowam etdirmäge, harby goşunyň dinamiki ösüşini üpjün etmäge we goranmak pudagyndaky şertnamalary durmuşa geçirmäge ukyply bolmalydygyny nygtady.

Moskwa oblastynyň gubernatory wezipesindäki Sergeý Şaýgu goranmak ministri wezipesine bellendi.
Moskwa oblastynyň gubernatory wezipesindäki Sergeý Şaýgu goranmak ministri wezipesine bellendi.
“Şol sebäpli hem, meniň pikirimçe, siz şeýle adam bolup bilersiňiz” diýip, Putin Sergeý Şaýguny Orsýetiň goranmak ministri edip belledi.

Sergeý Şaýgu 1994-2012-nji ýyllar aralygynda Orsýetiň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministri wezipesinde işledi. Ol maý aýynda Moskwa oblastynyň gubernatory edilip bellenildi.

Anatoliý Serdukow Orsýetiň goranmak ministri wezipesinde 2007-nji ýylyň fewral aýyndan bäri gulluk etdi.
XS
SM
MD
LG