Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Näme üçin eşege garşy pil?


Tomas Nastyň “Üçünji howsala döwri” diýip atlandyran karikaturasy. 7-nji noýabr, 1874 ý.
Tomas Nastyň “Üçünji howsala döwri” diýip atlandyran karikaturasy. 7-nji noýabr, 1874 ý.
Birleşen Ştatlaryň syýasy durmuşynda ençeme onýyllyklaryň dowamynda Demokratiki partiýa eşegiň, Respublikan partiýa-da piliň obrazy arkaly aňladylyp gelindi. Ýöne köp adamlar näçe wagtdan bäri bu jandarlaryň iki sany uly partiýanyň nyşany hökmünde ulanylýandygyny ýa-da bolmasa simwollaryň gelip çykyşy barada hiç zat bilmeýärler.

Eşek syýasy sözlükde Andrew Jaсksonyň prezidentlik ugrunda alyp baran kampanýalarynyň netijesinde hökümet başyna geçen Demokratiki partiýanyň simwoly hökmünde ilkinji gezek 1828-nji ýylda ulanyldy. 1812-nji ýylda bolan söweşden soň, şeýle hem Birinji Seminol Söweşinden soňra Andrew Jaсkson söweş gahrymany diýlip yglan edilip, ol öz kampanýalaryny “Goý, halk dolandyrsyn” diýen şygar astynda alyp bardy.

Jacksonyň garşydaşlary ony populistlikde aýyplap, hüjüm etdiler we oňa “eşek jack” diýip at dakdylar. Emma bu deňeşdirme Jacksonyň göwnünden turdy we eşegi öz kampanýalarynda simwol hökmünde ulanyp başlady. Jackson prezidentlik kürsüsine geçensoň, onuň garşydaşlary eşegi Jacksonyň kejirliginiň simwoly hökmünde ulanyp başladylar.

Emma eşegiň Demokratlaryň simwoly, piliň bolsa respublikanlaryň simwoly bolmagynda esasanam “Harper’s Weekly” žurnalynda suratkeş bolup işleýän Tomas Nastyň goşandy köp boldy.

Ol ilkinji gezek eşegi 1870-nji ýylda özüniň ylalaşmaýan söweşe garşy toparlaryny alamatlandyrmak üçin ulandy. Şondan bir ýyl soň žurnalyň suratçysy öz döredijiliginde respubliklanlary piliň keşbi arkaly suratlandyrdy. Ol muny eger içki düşünişmezlikleri dowam etdirse, Respublikan partiýasynyň geljekki saýlawlarda üstünlik gazanyp bilmejekdiklerini duýdurmak üçin çekipdir.

Ýöne žurnalyň suratçysynyň 1874-nji ýylyň 7-nji noýabrynda “Üçünji howsala döwri” diýip atlandyran karikaturasyndan soň bu iki jandar iki partiýanyň hemişelik simwolyna öwrüldi.

Şol döwürde respubikaçy Ulysses S.Grant iki gezek prezident saýlanyp, üçünji ýola prezidentlige dalaş edýärdi. Karikaturada “sezarizm” ýazgyly ýolbars derisine bürenen eşek beýleki haýwanlary gorkuzýar. Onuň gorkuzýan haýwanlarynyň arasynda “Respublikan ses” diýlip görkezilen pil hem bar.

Aşagynda bolsa şeýle ýazgy bar: “Eşek ýolbarsyň derisini geýensoň, tokaýyň içinde beýleki ähli samsyk haýwanlary gorkuzyp, özünden monça bolup aýlanyp ýör” – Şekspir ýa-da Beýkon”.

Nast “New York Herald” neşirinde, üçünji sapar prezindentlige dalaş edýän Granta kakdyryp, yzly-yzyna çykyşlar etdi. Ol ony “sezarçy” - başga söz bilen aýdanyňda imperial güýji garbap almaga synanyşýan demokratiki güýç diýip atlandyrdy. Çekilen surat Aesobyň “Ýolbars derisindäki eşek” diýen basnýasyndan ugur alnyp çekilipdir. Ady agzalýan basnýanyň baş pikiri: samsyk öz keşbini gizläp biler, ýöne onuň sözleri ony ele düşürer – diýen düşünjäni öňe sürýär.

Nast “Respublikan sesi” aňlatmak üçin piliň keşbini ulanmagy dowam etdi. Ahyrsoňy pil hem respublikanlaryň simwolyna öwrüldi. Soňluk bilen beýleki syýasy karikaturaçylar hem Nastyň yzyna eýerdiler. Şeýlelikde eşek we pil iki partiýanyň simwoly hökmünde giňden ulanylmaga başlady.
XS
SM
MD
LG