Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň baş diplomaty Siriýanyň oppozisiýa wekili bilen duşuşdy


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Siriýanyň oppozisiýasynyň ýokary derejeli wekili bilen duşuşyk geçirdi. Lawrow Siriýanyň ozalky premýer-ministri Riad Hijab bilen sişenbe güni Ammanda gepleşdi. Hijab şu ýylyň awgustynda Iordaniýa gaçyp barypdy.

Gepleşiklerden soň, Lawrow Siriýanyň oppozisiýasyny gan döküşligi dowam etdirmekde aýyplady. Oppozisiýa gepleşiklerden ozal, prezident Başar al-Assadyň häkimiýet başyndan çekilmelidigini öňe sürýär.

Hijab Assadyň häkimiýet başyndan aýrylmagy “ýeke-täk çykalga ýoly” diýip belledi.

Bu aralykda Siriýanyň döwlet telewideniýesi “terrorist” diýlip atlandyrlan adamlaryň ýurduň parlamentiniň başlygy Jihad al-Lahamyň doganyny öldürendigi barada maglumat berdi. Resmi informasiýa görä, bu waka sişenbe güni Damaskda bolupdyr.
XS
SM
MD
LG