Sepleriň elýeterliligi

Ýylmaz: “Türkmenleriň eline berilse, gurup bilmezler”


Ýerasty gaz turbalary geçirilýär. Türkmenistan.

Ýerasty gaz turbalary geçirilýär. Türkmenistan.

Türkmenistanyň uly tebigy gaz zapaslarynyň bardygy bellenilýär. Britaniýanyň “Gaffney Cline&Assosiates” kompaniýasynyň audit barlaglarynyň esasynda diňe Günorta Ýolöten gaz ýatagynda anyklanan tebigy gazyň möçberiniň maksimal derejesiniň 26 trillion kubometrden hem ýokary bolup biljekdigi çak edilýär. Bu sebitde ençeme daşary ýurt kärhanalary hem iş alyp barýarlar.

Türkmenistanyň Ýolötendäki gaz ýatagynda işlän türk işçisi, Serdar Ýylmaz sebitdäki tejribesi we ýurtdaky iş şertleri barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Ilki bilen näme sebäpden Türkmenistany saýlap alandygyňyz barada gürrüň berseňiz?

Serdar Ýylmaz: Ol ýerde iş mümkinçilikleri bardy, şol sebäpli-de Türkmenistana işlemäge gitdim. Ol ýerden gaýdyp, Türkiýä gelenime üç gün töweregi boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistana türk asylly işgär bolup barmagyňyz, size belli bir artykmaçlyk berdimi?

Serdar Ýylmaz: Dogrymy aýtsam, hiç bir üýtgeşik ara tapawut bolmady. Ol ýerde biz, türklerden, başga filippinler, hytaýlar hem bardy. Garaz, beýleki milletler bilen deňeşdirilende, bize artykmaçlyk berilmedi.

Azatlyk Radiosy: Siz Ýolötende iş alyp barandygyňyzy aýtdyňyz. Ol ýer barada nämeler aýdyp bilersiňiz? Iş şertleri nähili, kimler işleýär?
Türkmenistanda kadrlar meselesi hem uly kynçylyk döredýär.

Serdar Ýylmaz: Bu bir uly göwrümli sorag. Sebitde ençeme türk kärhanalary iş alyp barýar. Olarda esasan türk raýatlary işleýär. Ýöne, elbetde, ýerli ilatdan hem işçiler bar. Olar esasan kömekçi işlerde zähmet çekýärler diýilse bolar. Regionda hytaýlar, filippinler hem bar. Olaryň öz kärhanalary bar.

Azatlyk Radiosy: Serdar, siz beýleki döwletlerde hem işlänsiňiz. Ýolöteniň ol ýerler bilen deňeşdirilende, özüne mahsus, tapawutly ýeri barmy?

Serdar Ýylmaz: Biz, kärimiziň aýratynlygyna görä, esasan, meýdan işlerini alyp barýarys. Onsoň, bu Türkiýe, Ýakyn Gündogar ýa-da Türkmenistan bolsun, bu işler ähli ýerde-de bir meňzeş. Ýagny, hiç bir üýtgeşliklik ýok.

Azatlyk Radiosy: Iş şertleriňiz nähilidi? Günde näçe sagat işleýärdiňiz?

Serdar Ýylmaz: 10 sagat töweregi işleýärdik.

Azatlyk Radiosy: Ýerli halkyň hem işe alynýandygyny aýtdyňyz, olaryň iş şertleri, aýlyk-günlükleri nähili?

Serdar Ýylmaz: Aýlyk-günlük babatynda, elbetde, olaryň ýagdaýy biziňkiden pes. Iş ýerinde döredilýän şertler, ýagny berilýän iýmit, bolýan ýerlerimiz azda-kände bir meňzeş. Ýöne, dogry, olara berilýän hak pes.

Azatlyk Radiosy: Bu barada has anygrak gürrüň berip bilersiňizmi?

Serdar Ýylmaz: Aramyzda uly ara tapawut bar. Ýagny, olar biziň hakymyzyň dörtden birini alýar diýsek hem bolar. Garaz, işçiniň eýeleýän wezipesine görä, olara 300-500 dollar aralygynda aýlyk tölenýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda siziň bilen deň derejede bilimi, ukyby bolan türkmen kärdeşleriňize, siziňki ýaly aýlyk berilýärmi?

Serdar Ýylmaz: Ýok, ýok deň derejede aýlyk berlenok. Ýöne bu diňe Türkmenistana mahsus bir ýagdaý däl. Dünýäniň ähli ýerinde hem şular ýaly. Tehnologiýa taýdan ösen, bir ädim öňde bolan daşary ýurt kärhanalaryna, nirede hem bolsa, köp tölenýär.

Mysal üçin, Türkiýä german, amerikan ýa-da fransuz firmasy gelip, biziň edýän şol bir işimizi etseler hem, bizden has köp aýlyk alýarlar.

Ýöne, hawa, Türkmenistanda kadrlar meselesi hem uly kynçylyk döredýär.

Azatlyk Radiosy: Ýerli ilaty işe almak prosedurasy daşary ýurtlulara görä üýtgeşikmi?

Serdar Ýylmaz: Ýok, ýok. Birmeňzeş! Sebäbi olar çylşyrymly ýa-da ýokary hilli işi edenoklar. Ýöne, elbetde, muny amala aşyrýanlar, dolandyryjy wezipelerde işleýänler hem bar. Ýöne, olar juda az.

Azatlyk Radiosy: Näme üçin az?

Serdar Ýylmaz: Bu hem uly bir mesele. Ýöne, dogry, Türkmenistanda bilim derejesi juda pes. Ýagny, zerur ugurlardan işläp biljek adamlar gaty az.

Azatlyk Radiosy: Bize Türkmenistandan gowuşýan maglumatlarda ýerli ilatyň daşary ýurtly adamlaryň getirilip işledilmeginden närazydygy, olara berilýän puluň özlerine siňdirilmegini isleýändigi aýdylýar. Siz bu barada näme aýdyp bilersiňiz?

Serdar Ýylmaz: Munuň, meniň pikirimçe, Türkiýeden kärhanalar getirilende, olardaky proseduralar bilen bagly bir mesele bolmagy mümkin. Ýagny, firma gelende ýany bilen şunça daşary ýurt spesialistini getirsin diýilýän bolmagy ähtimal. Sebäbi ol ýerde gaty çylşyrymly işler amala aşyrylýar. Türkmenleriň, ýagny türkmen firmalarynyň eline berilse, olar muny edip bilmezler, zawod gurmagy başarmazlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG